Iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň «Jeňňeller kitaby» atly hekaýalar ýygyndysynyň baş gahrymany Maugli «Ta-Tal» teatrynyň ýaş artistleriniň yhlasy bilen täzeden janlandy. Sahna oýny ýabany tebigatda ýaşaýandygyna garamazdan (mysal üçin, möjek sürüsiniň terbiýesini alan ynsan çagasynda bolşy ýaly), adamyň hemişe ynsan bolup galýandygyny we adamlardan daşda bolsa hem olara tarap ymtylýandygyny öwredýär.

«Ta-Tal» teatrynyň ady, sahnada çagalaryň çykyşyny synlan ýaşuly tomaşaçydan gelip çykýar. Ol çagalaryň çykyşyna haýran galyp: «Şeýle bir zehinli!» diýipdir. Teatrda dürli ýaşdaky 140-a golaý çaga bar, olaryň käbiriniň ýaş aýratynlyklary hem bar. Ýaş aýratynlygy bolan çagalaryň umumy döredijilikde köpçülikleýin sahnalara gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Ýöne tejribäniň görkezişi ýaly, olar dürli gahrymanlaryň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.

Teatryň çeper ýolbaşçysy Tatýana Öwezmyradowa sahna oýnuna şeýle teswir berip: «Bu örän meşhur eser bolany üçin Maugliniň ähli taryhyny görkezmedik. Biz wakalaryň möhüm pursatlaryna ünsi jemledik. Munuň esasy maksady bolsa, ähli adamlaryň, şertlere garamazdan, saýlamak mümkinçiliginiň bardygyny nygtamakdyr. Şeýlelikde, Maugli adamlara tarap ymtyldy, hindi obasyndan bolan gyzjagaz Erika bolsa ony halas etmek üçin Maugliniň yzyna düşüp jeňňele ylgady» diýdi.

Biçimçiler özboluşly çözgüt tapypdyrlar – olar häzirki zaman lybaslaryny ulanyp, lybaslara ýabany haýwanyň görnüşini aňladýan ýüňli ýakany goşupdyrlar. Mauglini özlerine ýolbaşçy etmek üçin ony ogurlan maýmynlar toparyndan bolan banderloglar bolsa «alibabaşka» görnüşli narynç reňkli balakly eşikde çykyş etdiler.

Balu aýy we Tobaki şagalyň keşplerinde ýaş aýratynlyklary bolan Mişa Şramko we Denis Kokrýaskiý atly oglanlar çykyş etdiler. Olar bu keşpleri ýerine ýetirmekde ähli başarnyklaryny görkezdiler we özleri hem begendiler. Ýaş aýratynlygy bolan çagalary döredijilik işine çekmek olaryň daşky gurşaw bilen özara hereketine ýardam edýär.