Ï Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: Polýak pianinoçysynyň konserti we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: Polýak pianinoçysynyň konserti we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar

view-icon 1320
Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: Polýak pianinoçysynyň konserti we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar

Öňümizdäki dynç alyş günleri aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň teatrlarda sahna oýunlarynadyr konsertlere tomaşa etmek mümkinçiligi bolar. Nirede gowy saz diňlemek bolar we haýsy çykyşlar tomaşa etmäge mynasyp? Bu barada biziň umumy maglumatymyzy okaň.

21-nji noýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde polýak pianinoçysy Woýseh Waleçek konsert berer. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalyk etmeginde Frederik Şopeniň fortepiano üçin 1-nji konserti ýerine ýetiriler.

Giriş tölegsizdir.

Woýseh Waleçek köp sanly halkara bäsleşikleriň, şol sanda Nýu-Ýorkda geçen Artur Rubinşteýn adyndaky bäsleşigiň, Parmada geçen Ferens List adyndaky bäsleşigiň we Palermo fortepiano bäsleşiginiň ýeňijisidir. Bu pianinoçy solo konsertlerinden daşgary kamera ansambllary we simfoniki orkestrler bilen-de çykyş edýär. Waleçek Ýewropada, ABŞ-da, Kanadada, Ýaponiýada, Argentinada, Iordaniýada we beýleki ýurtlarda tanalýar.

Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

22.11.2025: «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» 19:00;

23.11.2025: «Saňa ýalan, maňa çyn» 19:00.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

22.11.2025: «Ene» 19:00;

23.11.2025: «Durmuş diňe düýş däl» 19:00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

22.11.2025: «Yşk mekany Hindistan» 19:00;

23.11.2025: «Magnitofon» 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

22.11.2025: «Золотой цыплёнок» 12:00;

22.11.2025: «Сёстры» 19:00;

23.11.2025: «Три поросёнка и серый волк» 11:00; 13:00;

23.11.2025: «Аршин мал алан» 19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

22.11.2025: «Arşyn mal alan» 19:00;

23.11.2025: «Gülki agşamy» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

22.11.2025: «Maşa we aýy» 17:00;

22.11.2025: «Aladdin» 19:00;

23.11.2025: «Çagalyk älemgoşary» 12:00; 17:00;

23.11.2025: «Jüýteniň toýy» 19:00.