Ï Taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan arheologik tapyndylar Türkmenistanyň döwlet muzeýleriniň gaznalarynyň üstüni ýetirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan arheologik tapyndylar Türkmenistanyň döwlet muzeýleriniň gaznalarynyň üstüni ýetirer

view-icon 1053
Taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan arheologik tapyndylar Türkmenistanyň döwlet muzeýleriniň gaznalarynyň üstüni ýetirer

21-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy barlag, rejeleýiş işleri üstünlikli dowam etdirildi.

Hususan-da, Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Mäne Babanyň kümmetinde, Gadymy Abiwerd galasynda orta asyr Juma metjidinde, orta asyr Dehistan şäherindäki Juma metjidinde, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginde, Gadymy Amul galasynda, Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Horezm şahasynyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda we Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Akjagala kerwensaraýynda degişli işler geçirildi.

Seýle hem, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik ylmy-barlaglaryň netijesinde dürli döwürlerde ýüze çykarylan tapyndylary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabaralaryny geçirmek boýunça işleri alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, geçirilen ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, «Asyrlaryň yzlary» atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň üçünji goýberilişi çapa taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.