Ï Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy topary 2026-njy ýyl Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşynda çykyşyna başlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy topary 2026-njy ýyl Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşynda çykyşyna başlaýar

view-icon 870
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy topary 2026-njy ýyl Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşynda çykyşyna başlaýar

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary ýetginjekler toparlarynyň (17 ýaşa çenli) arasynda geçýän 2026-njy ýyl Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşyndaky çykyşyny şu gün Kuweýtiň ýygyndysyna garşy duşuşyk bilen başlaýar. Duşuşyk Tailandyň Çonburi şäherinde geçiriler, ol ýerde «F» toparçasynda ýaryşyň jemleýji bölümine düşmek üçin Maldiw adalaryň, Mongoliýanyň we Tailandyň ýygyndy toparlary hem bäsleşer.

2026-njy ýyl Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşyna ýedi toparça bölünen 38 topar gatnaşýar. Üç ýaryşda alty toparça, dört ýaryşda bolsa bäş toparça çykyş eder.

Ähli toparçalardaky duşuşyklar 2025-nji ýylyň 22-nji noýabry bilen 31-nji noýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşde bir aýlawda geçiriler.

Toparlaryň ýeňijileri ýaryşyň 2026-njy ýylyň 7 ‒ 24-nji maýy aralygynda Saud Arabystanynda geçiriljek jemleýji tapgyryna çykarlar. Ýaryşyň soňky tapgyrynda olar 2025-nji ýylda Katarda 17 ýaşa çenli (U17) ýetginjekleriň arasynda geçiriljek FIFA-nyň dünýä çempionatyna göni geçen dokuz AFK-nyň wekillerine ‒ Kataryň, Özbegistanyň, Saud Arabystanynyň, Koreýa Respublikasynyň, KHDR-yň, Ýaponiýanyň, Täjigistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Indoneziýanyň ýygyndy toparlaryna goşular.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Ahmet Allaberdiýewiň ýolbaşçylygynda saýlama ýaryşyna gatnaşmaga 23 oýunçyny çagyrdy.

Kuweýtiň topary bilen duşuşykdan soň, türkmen futbolçylary Maldiw adalarynyň (24-nji noýabr), Tailandyň (28-nji noýabr) we Mongoliýanyň (30-njy noýabr) toparlary bilen duşuşarlar.

 Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy topary Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda üçünji orun ugrundaky duşuşykda (esasy wagtda 0:0) Gyrgyzystanyň toparyny jerime urgulary boýunça 7:6 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek bürünç medal gazandy.