Ï «Parahatçylygyň waspçylary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň waspçylary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

view-icon 2127
«Parahatçylygyň waspçylary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
camera-icon
Maksat Gylyjow

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň bilelikde yglan eden «Parahatçylygyň waspçylary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Onuň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik bilen meşgullanýan her bir ýaş nesilde parahatçylyk söýüjilige, asuda durmuşa bolan söýgini has-da artdyrmakdan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan ösüşleri, parahatçylygyň gymmatyny, arzuwlaryň hasyl bolýan mekany bolan Türkmenistan döwletimiziň üstünliklerini wasp etmekden ybarat boldy.

Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri boýunça baş baýraga «Biznes reklama» gazetiniň öz habarçysy Sadap Çaryýewa, 1-nji orna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy bölüminiň başlygy Gülnabat Begenjowa, 2-nji orna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant Mežnun Öräýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Parahat Batyrow, 3-nji orna bolsa TMÝG-niň Arkadag şäher geňeşiniň bölüm müdiri Umyda Kakaýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy bölüminiň baş hünärmeni Göwher Ýazyýewa hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Suraý Öwliýagulyýewa dagy mynasyp boldular.

Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan taýýarlanylan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlar, şeýle hem ýerine ýetirilen aýdym-sazlar bu ýere gelenleriň göwünlerini ganatlandyrdy.