Ï Türkmenistanyň ýygyndy topary 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Tailandyň toparyndan üstün çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýygyndy topary 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Tailandyň toparyndan üstün çykdy

view-icon 1085
Türkmenistanyň ýygyndy topary 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Tailandyň toparyndan üstün çykdy
camera-icon
AFK

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyñ futbolçylary Tailandyň Çonburi şäherinde 17 ýaşa çenli (U17) ýetginjekleriň arasynda geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Tailandyň toparyny 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň ikinji ýeňşini gazandylar.

«F» toparçasynda çykyş edýän iki ýygyndy topar üçünji duşuşygyny geçirip, onda ýaryşyň jemleýji tapgyryň ýeke-täk orny ugrunda bäş topar göreşýär.

Duşuşyga toparlar deň däl ýagdaýda geldiler. Türkmen futbolçylary Kuweýtiň toparyndan 0:1 hasabynda utulyp, Maldiw adalarynyň toparyndan 6:0 hasaby bilen üstün çykdylar we 3 utuk gazandylar. Tailandyň topary bolsa Mongoliýanyň toparyny 4:0, Maldiw adalarynyň toparyny 7:1 hasabynda utdy we olaryň hasabynda 6 utuk bardy. Şonuň üçin ýer eýeleri bilen boljak duşuşyk Ahmet Allaberdiýewiň topary üçin ähmiýetli boldy.

Türkmen futbolçylary oýna hyjuwly başlap, eýýäm 24-nji minutda 2:0 hasabynda öňe saýlandylar. Ilkinji pökgini 14-nji minutda Süleýmannazar Gowşudow tora girizdi, 10 minutdan soň bolsa Hudaýnazar Meredow artykmaçlygy iki esse artdyrdy.

61-nji minutda H.Meredowyň urgusyndan soňra Tailandyň ýygyndysynyň oýunçysy Pongkun pökgini öz derwezesine geçirdi we türkmen topary ýeňil ýeňiş gazanjak ýalydy. Emma beýle bolmady. 64-nji minutda Çaýwarangkun Piçaýa hasaby açdy. Ýene-de sekiz minutdan soň Suttiphapra Pakorn hasaby 2:3 çenli azaltdy.

Galan wagtyň dowamynda ýer eýeleri oýny halas etmek üçin ep-esli synanyşdy. Emma ýeňlişden halas bolup bilmediler.

Ýaryşyň beýleki duşuşygynda Mongoliýanyň toparyndan 5:0 hasabynda üstün çykan Kuweýtiň ýetginjekler topary Maldiw adalarynyň toprynyň derwezesine bäş sany jogapsyz pökgi geçirdi. Ýeňijileriň arasynda tapawutlananlar: Al-Mutaýri (10-njy minutda), Al-Atiki (34-nji we 45+5 minutda), Al-Hajy (83-nji minutda) we Al-Dawud (86-njy minutda).

Bu duşuşyklardan soň «F» toparçasynda 9 utuk bilen Kuweýtiň ýetginjekler topary öňdeligi eýeleýär. Türkmenistanyň bilen Tailandyň ýetginjekler toparlarynda 6 utuk bar. Mongoliýanyň toparynda 3 utuk bar. Ýaryş tertibini Maldiw adalarynyň topary jemleýär, hasabynda utuk ýok.

2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň jemleýji tapgyryna ýeke-täk ýeriň ykbaly Mongoliýanyň we Türkmenistanyň, Tailandyň we Kuweýtiň toparlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň jemleri bilen kesgitlener.

Bellenilişi ýaly 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyryna ýedi toparça bölünen 38 topar gatnaşýar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary ähli toparlarda merkezleşdirilen görnüşde bir aýlawda geçirilýär.

Toparyň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 7 – 24-nji maýy aralygynda Saud Arabystanynda geçiriljek ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykarlar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda olar 2025-nji ýylda Katarda 17 ýaşa çenli (U17) ýetginjekleriň arasynda geçiriljek FIFA-nyň dünýä çempionatyna göni ýollanma alan dokuz AFK-nyň wekilleriniň toparyna – Katara, Özbegistana, Saud Arabystanyna, Koreýa Respublikasyna, Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna, Ýaponiýa, Täjigistana, Birleşen Arap Emirliklerine we Indoneziýa goşularlar.