Ï «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady

view-icon 574
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi.

Häzirki wagtda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň barha artmagy dünýäde durmuş ösüşiniň esasy meýilleriniň biri bolup durýar. Zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýolbaşçy, hünärmen, telekeçi we işjeň raýat hökmünde gatnaşmagy durmuş-ykdysady ösüşi hem-de ynsanperwer gymmatlyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýä jemgyýeti Zenanlaryň ýagdaýy boýunça bütindünýä maslahatynyň we Pekin jarnamasynyň hem-de Hereketleriň platformasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Şeýle hem durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibini durmuşa geçirmegiň we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň jemleýji tapgyryna gadam basýar.

Zenanlar baradaky alada, olaryň öz intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin şertleri döretmek köp ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan milli we halkara derejede gender deňligini üpjün etmek we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek ýörelgelerine berk ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Munuň özi jemgyýeti durnukly ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän berk kepillikleri özünde jemleýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny, jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňdigini ykrar edýär. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin esas goýujy gurala öwrüldi. Mundan başga-da, syýasy, ykdysady, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda anyk çäreleri we maksatlary kesgitleýän gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamalary işlenilip taýýarlanylýar we durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyz milli syýasatymyza halkara standartlary işjeň ornaşdyrýar.

Türkmenistan esasy halkara mehanizmlere, şol sanda Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak baradaky Konwensiýa gatnaşýar. BMG — Zenanlar we BMG-niň Ilat gaznasy ýaly düzümler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk maksatlaýyn meýilnamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şeýle hem ýurdumyz durnukly ösüşiň we parahatçylygy pugtalandyrmagyň şerti hökmünde gender deňligini üpjün etmegiň möhümdiginden ugur alyp, halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär, zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar.

Döwlet durmuşynda zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak, enelik we çagalyk babatda strategiýalary netijeli ilerletmek, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmek, olaryň maddy we durmuş abadançylygynyň, saglygynyň, intellektual ösüşiniň hem-de döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini kepillendirmek meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak şu günki maslahatyň esasy wezipesi bolup durýar.

Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, halkara maslahata gatnaşyjylar kaşaň binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakanyň hormatyna guralan sergide Türkmenistanyň geçen 30 ýylyň içinde daşary syýasatda ýeten sepgitleri, bu ugurda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän gymmatlyklar görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhy ähmiýete eýe bolan şanly wakalara baý boldy. Bu ýylda ýurdumyzda syýasy taýdan ähmiýetli bolan halkara çäreleriň toplumy, şol sanda halkara maslahatlar, duşuşyklar geçirildi. Olaryň çäklerinde jemgyýetçilik ösüşi üçin ähmiýetli bolan resminamalar kabul edildi. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Sergide şular barada giňişleýin maglumatlaryň berilmegi gözden geçirilişiň ähmiýetini we derejesini has-da belende göterdi. Sergide hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän kitaplara möhüm orun berlendigini bellemek ýakymly.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän ajaýyp zolakda geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän eserleriniň dünýä nusgalykdygyny nygtadylar. Bu kitaplaryň dürli dillere terjime edilmegi bilen ajaýyp eserleriň dünýä okyjylary üçin ähmiýetli gollanma öwrülýändigini uly buýsanç bilen nygtadylar.

Serginiň esasy gymmatlyklary bolsa amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat boldy. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlary eli çeper zenanlar hökmünde ykrar edilipdir. Olaryň el hünäri dürli görnüşler üçin nusgalyk bolupdyr. Gelin-gyzlarymyzyň elinden çykan nepis halylar, keşdeler, nagyşlar we beýleki önümler şahyrlaryň, bagşylaryň, suratkeşleriň baş mowzugyna öwrülipdir.

Zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna bagyşlanan halkara maslahatyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergide gelin-gyzlaryň döreden gymmatlyklaryna, olar üçin niýetlenen şaý-seplere möhüm orun berilmegi halkara maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini artdyrýar. Türkmen halky gelin-gyzlaryna aýratyn sarpa goýupdyr. Taryhda maşgala ojaklarynyň eýesini başynyň täjine deňän gelin-gyzlary üçin sünnälik bilen ajaýyp şaý-sepleri döredipdir. Dürli döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan şaý-sepler asyrlar aşsa-da gymmatyny ýitirmän gelýär.

Belent mertebä mynasyp zenanlaryň sarpasy häzirki döwürde hem belent tutulýar. Munuň şeýledigini taryhy ähmiýetli meseleleri öz içine alýan halkara maslahatyň çäklerinde guralan serginiň mysalynda aýdyň görmek bolýar.

Soňra “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan wekiliýetler gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa maslahaty açyp, hemmelere «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara foruma gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Oguljahan Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti hökmünde şu günki dialogy alyp barmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu maslahatyň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.

– Biz zenanlaryň jemgyýetiň durnuklylygyny kesgitleýän möhüm şertler bolan parahatçylyga, maşgala durmuşyna, bilime, saglygy goraýşa, ykdysadyýete hem-de ynsanperwer ugra goşýan ägirt uly goşantlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlendik — diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy hem-de şu günki maslahata gatnaşyjylary zenanyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ruhy sütüniň çeşmesi diýlip ykrar edilmegine, häzirki zaman dünýäsinde bolsa onuň ornunyň adaty düşünjeleriň çäklerinden has giňligine bolan berk ynamyň birleşdirýändigini belledi.

Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti plenar mejlis tamamlanandan soň, maslahatyň öz işini mowzuklaýyn bölümlerde dowam etjekdigini, oňa gatnaşyjylara işjeň we ähmiýetli dialogyň garaşýandygyny nygtap, hemmelere netijeli işi arzuw etdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyşyny Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinden biri bolan rus dilinde dowam edip, şu günki maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de bu maslahatyň geçirilmeginiň asylly däbe öwrüljekdigine ynam bildirdi.

– Bu maslahaty guramak bilen, biz onuň zenanlaryň häzirki zaman dünýäsinde eýeleýän ornuna, aýry-aýry ýurtlarda, şeýle hem dünýä möçberinde sazlaşykly ynsanperwer we adalatly jemgyýeti döretmekde wezipesine dogry we jogapkärçilikli baha bermäge ýardam berjekdiginden ugur aldyk. Şeýle hem biz bu maslahatyň tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna, bu ulgamda bilelikdäki halkara işiň mümkinçiliklerini has anyk kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynanýarys diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy.

Gaznanyň wise-prezidenti sözüni dowam edip, şu günki duşuşygyň halkara gün tertibiniň hemmelerden diňe bir ynsanperwerlige ygrarlydygyny tassyklamagyny däl, eýsem, döwletleri birleşdirýän anyk çözgütleri tapmagy talap edýän möhüm döwürde geçýändigine ünsi çekdi.

– Şu günki maslahatyň konsepsiýasynyň esasyny düzýän pikir, ýagny häzirki zaman zenanynyň maşgalany, bilimi, saglygy goraýşy, ynsanperwer ulgamy we durmuş ösüşini baglanyşdyrýan orny barada aýtmak bilen, bu düşünjäni has içgin açmak isleýärin diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi hem-de hut zenanyň çagada ilkinji durmuş gymmatlyklaryny kemala getirýändigini, maşgalada ynanyşmak ýagdaýyny döredýändigini, parahatçylyk, hormat goýmak we ynanyşmak medeniýetini terbiýeleýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti «Eger-de onýyllyklar üçin parahatçylygy gurmak isleseň, çagalary terbiýele! Eger asyrlarboýy parahatçylyk gurmak isleseň, onda zenanlary golda!» diýen pähimi ýatlatdy. Şeýle hem belli ispan dramaturgy Lope de Weganyň: «Zenany hormatlamak her bir asylly adamyň doglan pursadyndan boýun bolmaly borjudyr» diýen sözlerini belledi. Nygtalyşy ýaly, bu jümleler şu günki duşuşygyň asyl mazmunyny beýan edýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen jemgyýeti zenana hormat we sarpa goýmak esasynda gurlandyr. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde biziň durmuşumyzdaky ähli gowulyklaryň ene bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Bu günki gün bu gymmatlyklar zenanlaryň saglygy goraýyş, bilim, ynsanperwer, durmuş, telekeçilik ulgamlarynda we beýleki ugurlarda mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu ugurda birnäçe giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda çagalar üçin mekdepleri we hassahanalary döretmek, ýöriteleşdirilen merkezlerde çagalaryň saglygyny dikeltmek, degişli sebitlere halkara ynsanperwer goldawyny bermek boýunça maksatnamalar bar.

Gazna her bir çaganyň saglyga, alada, goraga we umyda bolan hukugyny üpjün etmek boýunça düşnükli we şol bir wagtyň özünde möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýetini belläp, bu dialogyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, ynsanperwer we durmuş gün tertibini ilerletmäge netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga goşant goşmak boýunça zenanlaryň syýasy, ynsanperwer we jemgyýetçilik tagallalaryny birleşdirmek üçin özboluşly meýdança bolandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde geçen Dialoga gatnaşyjylaryň duşuşygy zenan ýolbaşçylaryň sebitde ynanyşmagy we döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy möhüm şertleriň birine öwrülýändigini görkezdi. Häzirki wagtda sebitiň zenanlary diňe bir bu prosese gatnaşyjy bolman, eýsem, parahatçylygy döredijiler, araçylar, ruhlandyryjylar bolup durýar. Olaryň tejribesi parlamentariler, ýaşlar, ýerli jemgyýetler bilen işlemekde, sebitde, şeýle hem dünýä derejesinde bilelikdäki ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmekde aýratyn gymmatlydyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biz halkara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde täze netijeli formatlary hem-de platformalary döretmäge goşant bolup biljek anyk teklipleri öňe sürmäge çalyşýarys diýip, gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa belledi hem-de türkmen tarapynyň hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemäge taýýar birnäçe başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.

Birinji başlangyç: Çagalaryň saglygy hakynda ählumumy pakt. Bu teklibiň mazmuny “her bir çaganyň saglyga hukugy bardyr” diýen jümlede öz beýanyny tapýar. Bu başlangyjyň çäklerinde halkara derejede bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin platformalaryň biri bolup biljek çaga saglygy hakyndaky halkara paktyny döretmek teklip edilýär. Ýaşaýan ýerine, jemgyýetçilik derejesine ýa-da ýaşaýyş-durmuş şertlerine garamazdan, çagalaryň saglygy üçin döwletleriň we halkara guramalaryň bitewi jogapkärçilik gurşawyny döretmek bu başlangyjyň maksadydyr.

Pakt özünde: elýeterli çaga lukmançylygynyň köpugurly standartlaryny, şol sanda howply keselleriň waksinasiýasyny, irki anyklaýşyny we bejergisini; ösüp barýan ýurtlarda öňdebaryjy çözgütleriň elýeterliligini üpjün etmek üçin tehnologiýalary we lukmançylyk innowasiýalaryny alyşmak mehanizmini; göwreli zenanlary, ýaş eneleri we bäş ýaşa çenli çagalary goldamaga gönükdirilen enelik we irki ösüş maksatnamalaryny; çagalaryň zerurlyklaryna gönükdirilen hassahanalary, mekdepleri we sagaldyş-dikeldiş merkezlerini döretmek ýaly infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara maksatnamalary; ýurtlaryň bu ugurdaky ösüşleri deňeşdirmekleri hem-de wehimlere garşy bilelikde çäre görmekleri üçin çagalaryň saglyk ýagdaýy barada gözegçiligi, seljeriş panellerini we her ýylky hasabatlary jemläp biler.

Çagalaryň saglygy baradaky ählumumy pakt BMG-niň, ÝUNISEF-niň, BSGG-niň, hökümetleriň we ynsanperwer gaznalaryň tagallalaryny birleşdirýän hem-de çagalaryň saglygy babatda deňsizlige ýol bermezlik barada halkara ynsanperwer ylalaşygy emele getirýän gural, ýagny täzelenen ählumumy ylalaşyk bolup biler.

Ikinji başlangyç: «Ynsanperwer merkezler» atly zenanlary we çagalary goldamak merkezleriniň halkara tory. Bu başlangyç ynsanperwer goldawyň ählumumy infrastrukturasynyň — gapma-garşylyklar, tebigy betbagtçylyklar, migrasion akymlar ýa-da sosial çökgünlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtlarda ýerleşdiriljek Ynsanperwer merkezleriň torunyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Her bir merkez birbada birnäçe wezipeleri, hususan-da, zenanlara we çagalara lukmançylyk we psihologik kömegi, şol sanda şikeslerden we stresslerden soňra dikeldiş kömegini bermek; çagalaryň çökgünlik wagtynda okuwa elýeterliligini üpjün etmek üçin bilim maksatnamalary we howpsuz okuw gurşawyny döretmek; zenanlara durmuş we hukuk goldawyny bermek, şol sanda resminamalaryny dikeltmek, hukuklaryny goramak, çylşyrymly durmuş ýagdaýynda goldamak; azyk önümleri, gorag, wagtlaýyn ýerleşdirmek, göçme lukmançylyk toparlary ýaly dessin ynsanperwer kömegi bermek ýaly wezipeleri ýerine ýetirip biler.

ÝUNISEF, BSGG, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, BMG — Zenanlar ýaly möhüm düzümleriň, iri haýyr-sahawat gaznalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirýän bitewi halkara platformanyň döredilmegi bu başlangyjyň möhüm bölegidir.

– «Ynsanperwer merkezler» diňe bir ýardam merkezleri bolman, eýsem, zenanlara we çagalara yzygiderli goldaw berýän ählumumy ynsanperwer binýady emele getirýän hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak we hünärmenleri taýýarlamak giňişligi hem bolup biler diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy hem-de beýan edilen başlangyçlaryň halkara jemgyýetçilikde goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti türkmen tarapynyň bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça netijeli dialoga taýýardygyny tassyklady.

Çagalar bilen her gün işlänimde, men olaryň ruhy güýjüniň, hemişe bolmasa-da, kähalatlarda uly ýaşly adamlaryň mümkinçiliklerinden artyk gelýändigini görýärin. Olar bize mertligi, sabyrlylygy, päk göwünliligi öwredýärler. Olar bize uly ýaşly adamlaryň wezipesiniň durmuşy çylşyrymlaşdyrman, eýsem, ony gorap saklamalydygyny ýatladýarlar diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi hem-de hut zenanlaryň bu wezipäni mynasyp ýerine ýetirýändiklerine ünsi çekdi.

Çykyşynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hemmeleri çagalardan görelde almaga we olar üçin parahat geljegi gurmaga çagyrdy.

Soňra plenar mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi.

Çykyş etmek üçin, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa söz berildi.

T.Walowaýa gender deňliginiň üpjün edilmeginiň, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, zenanlaryň hukuklaryny ilerletmekde, olaryň döwlet durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde halkara guramalaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Şunda BMG-niň durmuşa geçirýän işlerine uly orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň we zenanlaryň bilime we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmek babatda tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrýan işlerine ýokary baha berdi.

Gaznanyň wise-prezidenti çuňňur manyly çykyşy üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryna minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden meseleleriniň gender deňliginiň ýörelgelerini ilerletmekde, dialogy pugtalandyrmakda we durnukly ösüşe ýetmäge gönükdirilen başlangyçlaryň utgaşdyrylmagyny giňeltmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny görkezýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, aýratyn-da, döwletleriň we halkara guramalaryň zenanlary goldamak, olaryň durmuş-ykdysady proseslere gatnaşmagyny artdyrmak we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça utgaşdyrylan hereketlerini üpjün edýän köptaraply hyzmatdaşlyk mehanizmlerini işjeňleşdirmäge ünsi çekmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanda halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn çemeleşmäni öňe sürmek we ählumumy derejede inklýuziw jemgyýetleriň ösüşine ýardam bermek maksady bilen, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we sebitleýin merkezleriniň işini pugtalandyrmakda Tatýana Walowaýanyň goşandyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa söz berildi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň maşgala institutyny ösdürmekde we zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny berkitmekde möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem S.Mirziýoýewa forumyň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin täze çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanyljakdygyna ynam bildirdi.

Oguljahan Atabaýewa Saida Mirziýoýewa baý mazmunly çykyşy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onda durmuş taýdan goragyň, çagalara we maşgalalara goldaw bermegiň, şeýle hem ähli raýatlar üçin deň mümkinçilikleri döretmegiň möhümdiginiň nygtalýandygyny aýtdy.

Gaznanyň wise-prezidenti bu çykyşyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, inklýuziw we durmuş taýdan jogapkärçilikli jemgyýetiň ösmegine goşant goşýan bilelikdäki taslamalary hem-de durmuş ugurly başlangyçlary işläp taýýarlamaga ulgamlaýyn çemeleşmäni aýdyň beýan edýändigini belläp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyna çuňňur manyly çykyşy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa söz berildi.

Leýla Aliýewa şunuň ýaly möhüm halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän bu maslahatyň netijeleriniň bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin berk binýat goýjakdygyna ynam bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çykyşy üçin Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidentine minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Leýla Aliýewanyň beýan eden pikirleri özara düşünişmegi pugtalandyrmaga we ählumumy derejede durmuş taýdan ähmiýetli taslamalary goldamaga gönükdirilen ynsanperwer hem-de medeni başlangyçlaryň möhümdigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, çagalary we ýaşlary goldamaga, bilim we medeni başlangyçlary ösdürmäge, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm we uzak möhletli maksatnamalary amala aşyrýan Geýdar Aliýew gaznasynyň möhüm orny bellenildi.

Soňra gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etmek üçin San-Tome we Prinsipi Demoktarik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira du Sakramentuwa söz berdi.

Selmira du Sakramentu bu halkara maslahata gatnaşýandygyna şatdygyny aýdyp, forumyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin, hususan-da, gender deňligi babatda maksady gazanmak üçin utgaşdyrylan hereketleri işläp taýýarlamakda we öňdebaryjy tejribäni alyşmakda möhüm platforma bolup durýandygyny belledi we forumyň işine üstünlikleri arzuw etdi.

San-Tome we Prinsipiniň Milli Assambleýasynyň Başlygy gender deňligini üpjün etmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu babatda Türkmenistanyň toplan tejribesine ýokary baha berdi.

Oguljahan Atabaýewa myhmana çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onda San-Tome we Prinsipiniň demokratik institutlaryň işini pugtalandyrmaga, syýasy we jemgyýetçilik proseslerinde zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge ygrarlydygyny görkezýän işleriň beýan edilýändigini, munuň bolsa halkara bileleşigiň ählumumy derejede ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, dialog we milli parlamentleriň arasynda tejribe alyşmak meselelerine aýratyn üns çekildi, bu bolsa kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we halkara borçnamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm guraldyr.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Dilrabo Mansuri Saýdullo çykyş etdi. Ol halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk we sahawatly türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň binýadyny goýan we Türkmenistanyň Prezidentiniň mynasyp durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de forumyň jemleriniň şol asylly işlere kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň orunbasaryna çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň zenanlara durmuş taýdan goldaw bermek we maşgala institutyny berkitmek bilen bagly beýan edenleriniň Täjigistanyň bu ugra ulgamlaýyn çemeleşýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.

– Özara gatnaşyklaryň tejribesi halkara hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň möhüm durmuş meselelerini çözmek üçin şertleri döredýändigini görkezýär. Köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň bilelikdäki başlangyçlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn. Çykyşyňyz üçin Size ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirýärin diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi.

Soňra Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa söz berildi.

A.Ataýewa zenanlaryň hukuklaryny goramagyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridigini aýdyp, bu ugurda Türkmenistanyň BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda şu ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini belläp, A.Ataýewa bu ýylda Türkmenistanda sebitara we halkara derejedäki çäreleriň geçirilýändigini aýtdy. Bu halkara forum munuň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda zenanlaryň we çagalaryň saglyklaryny hem-de hukuklaryny goramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine möhüm orun degişlidir.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çuňňur manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onda Aksoltan Ataýewanyň adam maýasyny ösdürmek, innowasion işler we medeni mümkinçilikler babatda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny belläp geçendigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, beýan edilen çemeleşmeler milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ylmy mümkinçilikleri pugtalandyrmaga we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini goldamaga yzygiderli üns berilýändigini görkezýär. Türkmenistan köpugurly dialogy ösdürmäge, gender deňligini ilerletmäge we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşýar. Halkara bileleşigiň zenanlaryň we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin amatly şertleri döretmek ugrunda edýän tagallalaryny goldamak möhümdir.

Soňra Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe Dlaminä söz berildi.

Lindiwe Dlamini halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belläp, şu günki forumyň netijeleriniň gender deňligini, zenanlaryň hukuklaryny ilerletmek wezipelerini durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Oguljahan Atabaýewa baý mazmunly çykyşy üçin Lindiwe Dlaminä minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň çykyşynda beýan edilen ileri tutulýan ugurlaryň durmuş we ykdysady meseleleri çözmäge, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge we zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny pugtalandyrmaga toplumlaýyn çemeleşmeleri durmuşa geçirmek maksadyna gönükdirilendigini belledi.

Gaznanyň wise-prezidenti aýdylan pikirleriň we çemeleşmeleriň ählumumy derejede bilelikde işlemäge ygrarlylygy görkezýändigini nygtap, munuň halkara giňişlikde dialogyň we özara düşünişmegiň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Malaýziýanyň zenanlar, maşgala we jemgyýetçilik ösüşi ministri Dato Şri Haja Nensi Şukri çykyş etdi. Ol Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle giň gerimli forumyň geçirilmegi zenanlaryň işjeňliginiň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen bir hatarda, Malaýziýanyň zenanlar, maşgala we jemgyýetçilik ösüşi ministri zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, şeýle çemeleşmäniň oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi.

Oguljahan Atabaýewa çykyşy üçin myhmana hoşallyk bildirip, zenanlaryň döwlet işiniň degişli ugurlarynyň ösdürilmegine gatnaşmagynyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady hem-de bilim almaga deň derejede elýeterliligi üpjün etmäge, gorag we durmuş-ykdysady mehanizmleri pugtalandyrmaga, şeýle hem ýaşlaryň we maşgalanyň ösüşi üçin mümkinçilikleri giňeltmäge üns berilýändigini bellemegiň ýakymlydygyny aýtdy. Beýan edilen bu iş ugurlary inklýuziw ösüşi ilerletmek, zenanlaryň hukuklaryny goramak we jemgyýetiň jebisligini berkitmek üçin örän möhümdir.

Halkara forum Kataryň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misnediň çykyşy bilen dowam etdi. Ol, ilki bilen, dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, bu maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Marýam bint Ali Al-Misned zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna bagyşlanan halkara maslahatyň dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy ähmiýetiniň bardygyny belläp, soňky ýyllarda zenanlaryň durmuşyň dürli ulgamlarynda işjeňlik görkezýändiklerini nygtady we şu günki maslahatyň olaryň hukuklaryny giňeltmek babatda alnyp barylýan işlere täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Gaznanyň wise-prezidenti jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak bilen bagly möhüm ugurlary, şeýle hem durmuş we ynsanperwer ulgamlarda halkara dialogy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çemeleşmeleri beýan eden şeýle giňişleýin çykyşy üçin dostlukly ýurduň döwlet ministrine minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, munuň özi bir aý mundan ozal Dohada geçirilen Durmuş ösüşi boýunça ikinji Bütindünýä sammiti bilen baglylykda, möhüm ähmiýete eýedir. Zenanlaryň ýolbaşçylygyny goldamak, bilim maksatnamalaryny ösdürmek, hünär taýdan ösüş üçin mümkinçilikleri döretmek we zenanlaryň çözgütleri kabul etmek proseslerine gatnaşmagy häzirki zaman jemgyýetini ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir.

Soňra Eýranyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajeranä söz berildi.

Fatemeh Mohajerani foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, zenanlaryň hukuklarynyň giňeldilmeginiň, olaryň döredijilik ukyplarynyň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçilikleriň döredilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we şu günki maslahatyň bu ugurda halkara tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Oguljahan Atabaýewa Eýranyň Hökümetiniň metbugat sekretaryna şeýle täsirli we maglumata baý çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gün bu ýerde derwaýys meseleler boýunça pikir alyşmaga, zenanlaryň gatnaşmagynda sebit we halkara derejede hyzmatdaşlyk üçin platforma döretmäge mümkinçiligiň bardygyna kanagatlanma bildirdi.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Žanna Çefranowa söz berildi.

Žanna Çefranowa zenanlaryň durmuşyň ähli ulgamlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin köptaraplaýyn dialogy we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ähmiýetini belläp, bu ugurda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdi.

Şeýle hem RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bu maslahata guramaçy bolup çykyş etmeginiň ynsanperwer ýörelgelere berk ygrarlydygyna şaýatlyk edýändigini nygtady.

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çuňňur manyly çykyşy üçin Žanna Çefranowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň öňe süren başlangyçlarynyň netijeli durmuş gün tertibini kemala getirmekde hem-de raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goraýan institutlaryň işini pugtalandyrmakda parlamentara dialogyň ähmiýetini açyp görkezýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy proseslere gatnaşmagyna ünsi çekmek örän möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň hem-de durmuş syýasatynda, maşgalany, eneligi we çagalygy goldamak ýaly ugurlarda zenanlaryň çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça ornuny iş ýüzünde pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap, dostlukly ýurduň wekiliniň beýan eden çemeleşmeleriniň kanun çykaryjy mehanizmleri kämilleşdirmek, sosial institutlary ösdürmek we durmuş üpjünçiligi ulgamyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleri görkezýändigini belledi.

Soňra çykyş etmek üçin Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy Huan Sýaoweýe söz berildi.

Huan Sýaoweý şu günki çäräniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny, hususan-da, gender deňligine bagyşlanan bäşinji maksadyny gazanmaga gönükdirilen bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak we tejribe alyşmak üçin netijeli platforma bolup durýandygyny belledi we köptaraplaýyn dialogyň bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

Oguljahan Atabaýewa Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň wise-prezidentine minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden başlangyçlarynyň ýurduň durmuş, ykdysady we jemgyýetçilik taýdan ösüşinde zenanlaryň barha pugtalanýan ornuny, şeýle hem zenanlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini görkezýändigini belledi.

Zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge, maşgalalara durmuş taýdan goldawy artdyrmaga, zenanlaryň çözgütleri kabul etmek we durmuş syýasatyny emele getirmek proseslerine gatnaşygyny işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň wise-prezidenti hytaý tarapynyň sosial infrastrukturany gowulandyrmak, mümkinçiliklere deň elýeterliligi üpjün etmek, şeýle hem gender deňligini we oňyn durmuş özgertmelerini ilerletmek boýunça yzygiderli işleri durmuşa geçirýändigini bellemegiň ýakymlydygyny aýtdy.

Soňra Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa çykyş edip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi we gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligini giňeltmek boýunça halkara tagallalary utgaşdyrmakda şu günki maslahatyň ähmiýetini belledi.

Oguljahan Atabaýewa baý mazmunly çykyşy üçin goňşy ýurduň saglygy goraýyş ministrine çuňňur minnetdarlyk bildirip, milli, sebit we halkara derejelerde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň jemgyýetiň abadançylygyna we ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini aýtdy. Munuň özi durmuş ulgamynyň ösüşi we, umuman, raýatlaryň goraglylygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti netijeli dialogyň, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin tejribe alyşmagyň zerurdygyny belledi.

Maslahat Gyrgyz Respublikasynyň bilim ministri Dogdurkul Kendirbaýewanyň çykyşy bilen dowam etdi.

Dogdurkul Kendirbaýewa şu günki geçirilýän forumyň möhüm ähmiýetini belläp, zenanlaryň bilime we saglygy goraýşa elýeterliligini gowulandyrmak üçin halkara dialogy dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gender deňligini üpjün etmek babatda halkara standartlary milli strategiýalara ornaşdyrmaga ýardam berýändigini aýdyp, şu günki maslahatyň netijeleriniň zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň bilim ministrine minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda durmuş we ynsanperwer ulgamlarynda ýüze çykýan umumy meseleleri çözmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp geçendigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, köptaraplaýyn forumlaryň we hökümetara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem zenanlary, ýaşlary we maşgalalary goldamak üçin iň gowy tejribeleri alyşmak halkara giňişlikde tagallalary birleşdirmäge we bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin bitewi platformany döretmäge ýardam berýär. Beýan edilen garaýyşlar dialogy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we forumyň umumy gün tertibini ilerletmäge goşant goşar.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmelere baý mazmunly, täsirli we ruhlandyryjy çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de şu günki maslahatyň dowamynda möhüm hakykata: zenanyň parahatçylygy döredijidigine, ynsanperwerligi saklaýjydygyna we durnukly ösüşiň daýanjydygyna göz ýetirilendigini belledi.

– Goý, şu gün beýan edilen garaýyşlar tutuş adamzat jemgyýetine peýda getirjek täze halkara başlangyçlar, hyzmatdaşlyklar we taslamalar üçin esas bolup hyzmat etsin diýip, gaznanyň wise-prezidenti belledi hem-de bu maslahatyň netijeleri boýunça şu gün kabul ediljek jemleýji resminamanyň ynsanperwer ulgamdaky halkara tagallalara uly goşant boljakdygyna we bilelikdäki ädimleriň geljekde iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdi.

Oguljahan Atabaýewa hemmeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 12-nji dekabrda belleniljek Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, halkara ynsanperwer giňişlikde mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, tejribe alyşmaga we mätäçlere goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady hem-de maslahata gatnaşyjylara rowaçlyk, ruhubelentlik, täze üstünlikleri arzuw etdi.

***

Soňra halkara maslahat öz işini «Zenanlaryň we çagalaryň bähbidine döwlet dolandyryşy we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işler», «Zenanlar üçin ykdysady mümkinçilikler», «Bilim, çagalary terbiýelemek, saglygy goraýyş we ekologiýa ulgamlarynda zenanlaryň jemgyýetçilik işjeňligi» atly bölümlerde dowam etdi. Olarda döwlet düzümleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri döwlet dolandyryş institutlarynyň maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we gender deňligini üpjün etmekde möhüm ornuny bellediler. Şeýle hem jemgyýetçilik institutlarynyň, şol sanda haýyr-sahawat gaznalarynyň alyp barýan işine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, durmuş-ynsanperwer ulgamda zenanlaryň bilime we saglygy goraýşa elýeterliligini gowulandyrmak üçin köptaraplaýyn dialogyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zenan telekeçiligini ösdürmäge we zähmet bazarynda zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.

***

Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda: Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini kanunçylykda ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Türkmenistanda 2026 — 2030-njy ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýaşlaryň bedenterbiýäni we sporty, parahatçylygy, gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Kazyýet işinde gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna»; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Demografik üýtgeşmeleri hasaba almak bilen maglumat ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna»; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Şeýlelikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat gender deňligini üpjün etmek we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ynsanperwer ýörelgelerine berk ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady.