Ï Türkmenistan sosial krizislere duçar bolan ýurtlara kömek bermek üçin ynsanperwer merkeziň döredilmegini ileri tutýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan sosial krizislere duçar bolan ýurtlara kömek bermek üçin ynsanperwer merkeziň döredilmegini ileri tutýar

view-icon 306
Türkmenistan sosial krizislere duçar bolan ýurtlara kömek bermek üçin ynsanperwer merkeziň döredilmegini ileri tutýar

Çaknyşyklara, tebigy betbagtçylyklara, migrasiýa akymlaryna ýa-da sosial krizislere sezewar bolýan ýurtlara kömek bermek maksady bilen, nusgawy, çeýe we global derejedäki goldaw meýdançasyny, ýagny ynsanperwer merkezi döretmek teklibi bilen Gurban­guly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etdi.

10-njy dekabrda Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynda çykyş etdi.

Oguljahan Atabaýewa ynsanperwer merkezini döretmek teklibini yglan edip, onuň bir wagtyň özünde birnäçe möhüm funksiýalary ýerine ýetirip biljekdigini belledi.

«Bu, ilkinji nobatda, zenanlara we çagalara edilýän lukmançylyk we psihologik kömekdir, onuň çäklerinde şikeslerden we stres ýagdaýlaryndan soňky reabilitasiýa hem bar. Mundan başga-da, krizis döwründe çagalaryň bilime elýeterliligini saklamak üçin bilim maksatnamalary we howpsuz okuw giňişlikleri göz öňünde tutulýar. Şeýle hem zenanlara sosial we hukuk taýdan goldaw bermek, olaryň hukuklaryny goramak, kyn durmuş şertlerinde ýardam etmek, gyssagly ynsanperwer kömek, azyk kömegini bermek, wagtlaýyn ýaşaýyş jaýy we göçme lukmançylyk toparlarynyň hyzmatlary bilen üpjün etmek ýaly ugurlar bilen baglydyr» diýip, Oguljahan Atabaýewa düşündirdi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň bellemegine görä, bu başlangyjyň iň möhüm bölegi – ÝUNISEF, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, öňdebaryjy haýyr-sahawat gaznalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirjek bitewi halkara utgaşdyryş platformasyny döretmekdir

«Mundan başga-da, ynsanperwer merkezleri diňe bir kömek merkezleri bolman, eýsem, hyzmatdaşlygyň, tejribe alyşmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň giňişligi bolar. Şeýle global ynsanperwer gurluş krizislere çalt jogap bermäge mümkinçilik döredýär, şeýle-de zenanlar we çagalar üçin beriljek goldawyň gysga wagtlaýyn däl-de, yzygiderli ulgamlaýyn görnüşi bolup durar» diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi.