Ï Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy

view-icon 561
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän Türkmenistanyň raýatlaryndan resminamalar kabul edilip başlandy.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2026 – 2027-nji okuw ýyly üçin bakalawr we magistratura maksatnamalary boýunça okamaga ýurdumyzyň raýatlaryny saýlamak işini Türkmenistanyň Bilim ministrligi amala aşyrýar.

Kabul ediş möwsümine umumy orta, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan ýaşlar çagyrylýar.

Dalaşgärler saýlanmaga gatnaşmak üçin resminamalaryň toplumyny, şol sanda kesgitlenen nusgadaky arzany we anketany, soňky okuw ýa-da iş (harby bölüm) ýerinden häsiýetnama, 3х4 sm. ölçegli on iki sany fotosurat, umumy orta, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamany hem-de beýleki resminamalary taýýarlamalydyrlar. Eger dalaşgär orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan bolsa, ýetişiklik baradaky hasabatyň tassyklanan nusgasyny görkezmelidir.

Bakalawr maksatnamasyna tabşyrylanda SAT, TOEFL we IELTS şahadatnamalary bolan dalaşgärler, magistratura maksatnamasyna tabşyrylanda GMAT we GRE şahadatnamalary bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar. Şeýle hem goşmaça ýeňilliklere döwlet ders olimpiadalarynyň ýeňijileri hem-de halkara bäsleşigine gatnaşyjylar eýedirler.

Resminamalaryň terjimesi iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilinde ýerine ýetirilmelidir.

Okuwa girmek üçin zerur bolan resminamalaryň doly sanawy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilendir.

Dalaşgärlere hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde orunlaryň sany hem-de okamagyň şertleri baradaky giňişleýin maglumatlary kabul ediş topary berýär. Resminamalaryň kabul edilmegi 8-nji marta çenli dowam eder.

Dalaşgärler bilen saýlama söhbetdeşligi Aşgabat şäheriniň 1958-nji köçesinde (Andalyp) 169 salgyda ýerleşen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 11 – 12-nji martda geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25; elektron salgy: admissioniuhd@gmail.com.