Ï Taryhy bäş müňýyllyga uzaýan ahalteke bedewleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taryhy bäş müňýyllyga uzaýan ahalteke bedewleri

view-icon 102
Taryhy bäş müňýyllyga uzaýan ahalteke bedewleri

Gadymyýetden şu güne çenli ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri türkmen halkynyň ruhy galkynyşy, uçar ganaty hasaplanyp gelipdir. Ahalteke bedewlerimiziň öz köküni has gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny taryh subut edýär. Türkmenistanyň çäklerinde ahalteke bedewiniň bäş müň ýyl mundan ozal eldekileşdirilendigi gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde subut edildi. Örän irki döwürlerde döräp, seýisler tarapyndan kämil keşbe ýetirilen türkmen atlary dünýäniň köp bedewleriniň tohumynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetiripdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ýelden ýüwrük bedewler baradaky maglumatlar gadymy Müsür faraonlarynyň ýazgylarynda, gadymyýetiň alymlary, ýazyjylary – Gerodotyň, Strabonyň, Aristoteliň, Gomeriň, Owidiniň, Wergiliniň, Ksenofontuň we beýleki meşhur alymlaryň sene ýazgylarynda we eserlerinde duş gelýär» diýip jaýdar belleýär. Şunuň bilen birlikde, Änewde, Marguşda, Goňurdepede, Altyndepede we beýleki ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde tapylan at süňkleri we beýleki tapyndylar Watanymyzyň dünýäde ilkinji atlaryň eldekileşdirilen, tohumynyň kämilleşdirilen mekanydygyna şaýatlyk edýär.

Ata-babalarymyz asyrlarboýy ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamak üçin-de içgin alada edipdirler. Häzirki döwürde hem öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Netijede, ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, ussat çapyksuwarlaryň we atşynaslaryň ýaş neslini kemala getirmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär.