Ï Türkmenistanyň Ilçisi Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilçisi Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

view-icon 127

2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Annaýewiň Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň wise-rektory Teodor Ioan Treske bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda bilim we ylym ulgamyndaky türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyň oňyn hem-de dostlukly häsiýeti bellenildi. Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň arasynda öň ýola goýlan özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikdäki akademiki we hünärmenler çärelerini guramak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigi bellenilip, muňa laýyklykda mowzuklaýyn çäreleri, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gatnaşmagynda geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.