Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 137
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda amala aşyrylan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň, Milli goşunymyzy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmakda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini yzygiderli öwrenmegiň möhümdigini belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu ugurda sanly ulgamy işjeň ulanmak we prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlaryň we hukuk namalarynyň takyk ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini dowam edip, mundan beýläk-de kanunylygy pugtalandyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda netijeli işleri alyp barmagyň wajyp wezipe bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu babatda Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow geçen iki aýda ýurdumyzda hukuk tertibini pugtalandyrmak, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek babatda ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kazyýet edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmegiň barşy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy üpjün etmek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini, raýatlaryň hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň, kazyýet edaralarynyň işiniň hilini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işler, Watanymyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň konstitusion gurluşyny, milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow geçen iki aýda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler, bu ugurda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de onuň goraglylygyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow halkara tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna milli kanunçylyk işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek işlerini has netijeli dowam etdirmegiň, raýatlara kanunçylygy düşündirmek bilen bagly wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda sanly ulgamy, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň iki aýynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa edaralarynyň işini kämilleşdirmegi üns merkezinde saklamagyň, ýokary hilli migrasiýa hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.