Ï Türkmen talybynyň goşgulary Russiýanyň «Sura» žurnalynda çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talybynyň goşgulary Russiýanyň «Sura» žurnalynda çap edildi

view-icon 166

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Mukam Bekgylyjowyň goşgulary Russiýa Federasiýasynyň Penza şäherinde neşir edilýän «Sura» edebi-çeper žurnalynda çap edildi. Türkmen awtorynyň goşgularyny rus diline Russiýanyň belli şahyry we žurnalisti Andreý Nowikow terjime etdi.

Mukam türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby bolup, ol döredijilik bilen yzygiderli meşgullanýar, şeýle hem dürli bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýar.

Zehinli ýaş ýigidiň durmuşynda şygryýet aýratyn orun tutýar. Ýaş şahyryň liriki eserleriniň agramly bölegi durmuş we söýgi mowzugyna bagyşlanandyr. Awtoryň çuňňur manyly owadan eserleri türkmen okyjylaryna eýýäm tanyşdyr. Onuň goşgulary ýurdumyzyň döwürleýin metbugatynda yzygiderli çap edilýär, şeýle hem daşary ýurt neşirleriniň sahypalaryna girizilmegi ilkinji gezek däl.

Şu ýylyň başynda Mukamyň goşgulary Moskwada neşir edilýän «Литературные знакомства» žurnalynda, şeýle-de Belarus Respublikasynyň «Метаморфозы» atly edebi-çeper žurnalynda çap edildi. Goşgulary rus diline ýene-de Russiýanyň şahyry we žurnalisti Andreý Nowikow terjime etdi. Russiýanyň we Belarusuň şygryýet hem-de edebiýat söýüji okyjylary türkmenistanly ýaş şahyryň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Bu daşary ýurt neşirleri häzirki zaman türkmen awtorlarynyň döredijiligine aýratyn üns berýärler. Bu bolsa edebi gepleşikleri, medeni gatnaşyklary giňeltmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi hem-de dostlugy berkitmekde möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.