Ï Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

view-icon 203

Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2026-njy ýylyň 8-nji martyndaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty.