Lebap welaýaty boýunça şu möwsümde 130 müň gektar meýdana galla tohumy sepilip, üstümizdäki ýylda ondan esasy azyklyk önümi bolan bugdaýyň 310 müň tonna hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.
Welaýatda jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlykly gelinmegi, kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanylmagy, işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda guramaçylykly alnyp barylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. Şonuň bilen birlikde, jogapkärli möwsümiň – bugdaý ekişiniň bellenilen möhletde tamamlanmagy welaýatyň ähli etraplarynda ak ekiniň gowy gögeriş gazanylmagyny üpjün etdi. Şu günler bolsa, ak ekinli meýdanlarda ýaşyl maýsalara ideg etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Ýeri gelende şu möwsümde ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýyň öz topragymyzda synagdan geçirilip, gowy baha mynasyp bolan, ýokary hasyl berýän «Alekseiç», «Bezostyý-100», «Batho», «Kalym» görnüşleriniň, şeýle hem türkmen alymlary tarapyndan döredilen «Berkarar», «Bagtyýarlyk», «Sähraýy» ýaly görnüşleriniň ekilendigini belläp geçmek bolar.
Ak ekinleri mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmekde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigine degişli «John–Deere» we «Klass» kompaniýalarynyň kuwwatly tehnikalarynyň, şeýle hem kämil tirkeg gurallarynyň ulanylmagy işleriň öndürijilikli we kada laýyk alnyp barylmagyna ýardam edýär. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ak ekinlere goşmaça mineral dökünlerini bermek hem-de suw tutmak çäreleri alnyp barylýar. Welaýat boýunça jemi bugdaý ekilen 130 müň gektar ýere 26 müň tonna karbamid dökünini bermek meýilleşdirilip, onuň häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny-da belläp geçmek bolar. Bu bolsa bugdaý ekilen jemi meýdanyň her gektaryna bu döküniň ortaça 200 kilogramdan gowragy düşýär diýmekdir. Welaýatyň ýaşyl maýsaly meýdanlarynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler desterhanlarymyzyň bezegi bolan ak bugdaýyň bereketli hasylynyň düýbüniň berk tutulýandygyna şaýatlyk edýär.