Ï Talyplaryň arasynda dersler boýunça onlaýn olimpiadalaryň tapgyry geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplaryň arasynda dersler boýunça onlaýn olimpiadalaryň tapgyry geçiriler

view-icon 137
Talyplaryň arasynda dersler boýunça onlaýn olimpiadalaryň tapgyry geçiriler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dersler boýunça onlaýn olimpiadalaryň tapgyryny guraýar.

Uniwersitet biologiýa, iňlis dili we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça degişlilikde 18-nji we 27-nji martda hem-de 10-njy aprelde geçiriljek olimpiadalara gatnaşmaga ýurduň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny çagyrýar.

Olimpiadalar şahsy görnüşde bir tapgyrda uniwersitetiň sanly bilim portalynda test arkaly geçiriler.

Biologiýa boýunça olimpiada gatnaşmak üçin ýüztutmalar 15-nji marta çenli, iňlis dili boýunça olimpiada – 20-nji marta çenli, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiada gatnaşmak üçin ýüztutmalar 8-nji aprele çenli kabul edilýär.

Ýüztutmany bermek üçin gatnaşjak talyplar we toparyň jogapkär mugallymy baradaky maglumatlar beýan edilen tassyklanan nusga boýunça hasaba alyş resminamasy doldurylyp, saýlanylyp alnan bäsleşigiň guramaçylyk toparyna elektron poçta arkaly ugradylmalydyr.

Bellige alyş resminamasynyň nusgasy, elektron salgylar we guramaçylaryň telefon belgiler, şeýle hem bäsleşikler baradaky giňişleýin maglumatlar Magtymguly adyndaky TDU-nyň saýtynda ýerleşdirilendir.

Olimpiadalar has zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmak we goldamak, talyplaryň daşary ýurt dillerini, takyk we tebigy ylymlary öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek, ýaşlaryň sanly ulgam boýunça sowatlylygyny artdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, peýdaly ylmy maglumatlary özara alyşmak hem-de ylym we bilim ulgamynda ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilýär.