Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady.
Milli Liderimiz öz gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhly, päk ahlakly, çeper elli türkmen zenanlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygyny, dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň zähmetine uly hormat goýlup, olar üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz däp-dessurlaryň dowamatlylygyna hem-de zenanlaryň ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşandyna aýratyn üns çekdi.
Türkmenistanda enä bolan hormat we maşgala ojagyna wepalylyk mukaddeslik derejesine göterildi. Ene keşbi Watan we «Ene toprak» düşünjeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki zaman türkmen zenanlary işiň ähli ugurlarynda özlerini görkezip, Watanymyzyň kuwwatyny berkitmäge we milli mirasymyzy gorap saklamaga bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyz durmuş goraglylygyna, köp çagaly maşgalalary goldamaga we olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn üns berilýändigini tassyklady.
Bu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşynyň, öz ukyplaryny amala aşyrmagynyň we döredijilikli zähmet çekmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi.
«Biz ýurdumyzyň zenanlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary we işlemekleri üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleri dörederis» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.