Ï Martin Saýdik: – Diplomatiýa ulgamynyň hünärmeni ýokary bilimli, adalatly we sabyrly bolmalydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Martin Saýdik: – Diplomatiýa ulgamynyň hünärmeni ýokary bilimli, adalatly we sabyrly bolmalydyr

view-icon 128
Martin Saýdik: – Diplomatiýa ulgamynyň hünärmeni ýokary bilimli, adalatly we sabyrly bolmalydyr

Şu günler Aşgabatda iş sapary bilen Ýewropanyň görnükli diplomaty, Awstriýanyň Ýewropa we Howpsuzlyk syýasaty institutynyň wekili Martin Saýdik boldy.

Onuň Türkmenistana saparynyň maksady özi tarapyndan wekilçilik edilýän ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy taýýarlamakdan ybaratdyr. Aşgabatdaky saparynyň ilkinji gününde myhman Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördi, Türkmen halysynyň milli muzeýinde halyçylyk sungatynyň nusgawy eserleri bilen tanyşdy, şeýle hem «Köne Nusaý» taryhy-medeni merkezinde we Ahalteke atçylyk sport toplumynda boldy. Şuna garamazdan, ýewropaly bilermen üçin esasy waka Türkmenistanyň daşary syýasaty ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary bilen tanyşlyk boldy.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa myhman we onuň saparynyň maksady barada gysgaça maglumat berdi. Sapak görnüşinde meýilleşdirilen duşuşyk akademiki sagadyň çäklerinden çykyp, sowal-jogap alyşmasyna öwrüldi.

Geljekki diplomatlar hakyky syýasat, öz saýlap alan kärleriniň çylşyrymly taraplary we inçe pursatlary barada has giňişleýin öwrenmäge çalyşdylar. Belläp geçmeli zatlaryň biri hem, leksiýanyň we sorag-jogap alyşmalarynyň iňlis dilinde geçirilmegidir.

Talyplar bilen söhbetdeşlikden soňra, tejribeli diplomat institutyň ýanyndaky Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň işgärleri bilen duşuşdy. Bu ýerde myhmany Merkeziň ýolbaşçysy, ilçi Şiri Agöýliýewiç Şiriýew garşylady. Bilermenleriň arasynda bolşy ýaly, tanyşlyk pursatlary tiz wagtdan halkara syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmalara geçdi. Ýerli bilermenler myhmanyň baý tejribesinden ugur alyp, ondan ýiti gapma-garşylyklary çözmäge gatnaşýan diplomat üçin iň zerur bolan şahsy we işewürlik häsiýetlerini görkezmegi haýyş etdiler. Ol obýektiwligi, adalatlylygy, duýgudaşlygy we sabyrlylygy iň zerur sypatlar hökmünde atlandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Merkeziň işgärleri Ş. Şiriýew, B. Amansaryýew we O. Annabaýew M. Saýdik bilen sebitiň we dünýäniň gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşlik uzak wagtlap dowam edip, iki tarap üçin hem gyzykly we netijeli ýagdaýda geçdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar Awstriýanyň instituty bilen Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirdiler.