Türkmenistanda orta mekdepleriň birinji synp okuwçylary üçin rus dilini öwrenmek boýunça täze taslama badalga aldy.
Taslama Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda bilim platformasy «Türkmenistan» täzelikler portalynda ulanyjylar üçin açyk bolup, onda birinji synplar üçin gysga wideookuwlaryň 70-sinden ybarat bolan tölegsiz başlangyç onlaýn sapaklar ýerleşdirildi.
Sapaklar oýun görnüşinde geçirilýär, her wideogörnüşiň dowamlylygy 10 – 15 minutdan geçmeýär, bu bolsa çagalara täze bilimleri ýeňillik bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Çagalaryň kabul etmegi üçin ýönekeý we amatly okuwlar sözlük goruny, sözleýiş we aragatnaşyk etmek başarnyklaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar. Interaktiw okuwlary tejribeli mugallym hem-de telealypbaryjy A.S.Morozowa alyp barýar.
Okuwlar Türkmenistanyň Milli bilim maksatnamasy nazarda tutulyp, Naberežnoçelninsk döwlet pedagogik uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy. Sapaklara syn taýýarlamak işlerini A.I.Gersen adyndaky Rus döwlet pedagogik uniwersiteti we Moskwa pedagogik döwlet uniwersiteti amala aşyrdylar. Wideosapaklar D.S.Mendeleýew adyndaky «Kwantorium» pedagogik tehnoparkynyň studiýasynda ýazgy edildi.
Özboluşly okuwlar bilen salgy boýunça tanşyp bolar.
Açylan bilim başlangyjynyň çäklerinde häzirki wagtda türkmen mekdepleriniň okuwçylarynyň beýleki ýaşdakylary üçin hem rus dili boýunça şeýle sapaklary döretmek babatda işler dowam edýär.