Ï Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi öz ýurduna berlen ynsanperwer kömek üçin hoşallyk bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi öz ýurduna berlen ynsanperwer kömek üçin hoşallyk bildirdi

view-icon 148
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi öz ýurduna berlen ynsanperwer kömek üçin hoşallyk bildirdi

Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani 16-njy martda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahatyny geçirdi. Duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ynsanperwer hyzmatdaşlyga bagyşlandy.

Diplomatik wekilhananyň baştutany çäräni açyp, berlen ynsanperwer kömek üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de ýurdumyzyň Hökümetine çuňňur hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümini we doganlyk halkyny ýetip gelýän Oraza baýramy hem-de Halkara Nowruz baýramy bilen gyzgyn gutlady.

«Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasydyr. Biziň özara hyzmatdaşlygymyz dostluk we hakyky hyzmatdaşlyk ruhunda ösýär» diýip, diplomat belledi.

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we ynsanperwer geçelgesiniň netijeliligine hem aýratyn üns çekdi.

«Türkmenistan diňe bir Eýrana öz kömegini ibermek bilen çäklenmän, eýsem, beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň hem gysga wagtda üstaşyr geçirilmegini üpjün etdi. Umumy uzynlygy 1200 kilometr bolan serhedimizde hereket edýän dört sany esasy serhet geçelgesi ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek tertibinde işleýär we tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin ýük daşamalarynda strategik ähmiýete eýedir» diýip, ilçi aýtdy.

Metbugat maslahatynyň dowamynda raýatlaryň öz Watanyna dolanmagy baradaky meselä aýratyn orun berildi. Eýranyň howa giňişliginden peýdalanmakda wagtlaýyn çäklendirmeleriň girizilmegi sebäpli, goňşy ýurtlaryň üsti bilen gury ýer ugurlary iň elýeterli ýol boldy. «Şahsy işleri bilen daşary ýurtlarda bolan eýranly syýahatçylar we raýatlar öýlerine bökdençsiz dolanmak üçin Türkmenistanyň çäginden peýdalanyp bildiler»- diýip, ilçi nygtady.

Aly Mojtaba Ruzbehani sözüniň ahyrynda goldaw-hemaýatlary üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, hemişelik Bitaraplyk syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitde Eýranyň iň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup galýandygyny belledi.