Türkmenistanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri üçin «Şekillendiriş sungatynyň tehnikasy we tehnologiýasy» atly okuw kitaby neşir edildi.
Täze neşir awtorlar A.Kadyrowa we A.Adaýew tarapyndan taýýarlanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.
Okuw kitaby stanok nakgaşlygynyň, monumental nakgaşlygynyň, grafika sungatynyň we heýkeltaraşlygyň tehnikasyna hem-de tehnologiýasyna bagyşlanan dört bölümden ybaratdyr. Kitapda şekillendiriş sungatynyň ösüşi, dürli çeperçilik tehnikalarynyň aýratynlyklary, ulanylýan serişdeler we tehnologik amallar barada gyzykly maglumatlar berilýär.
Esasan, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1 – 2-nji ýyl talyplaryna niýetlenen bu okuw neşiri şekillendiriş sungatynyň tehnikasy we tehnologiýasy bilen baglanyşykly dersleri çuňňur öwrenmäge gönükdirilendir.
Mundan başga-da, okuw kitaby geljekki suratkeşleriň hünär endikleriniň kemala gelmegine hem-de medeniýet we sungat ulgamynda hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmäge ýardam etmäge çagyrýar. Şol nukdaýnazardan, täze neşir ýurdumyzyň ugurdaş okuw mekdepleriniň okuwçylary we mugallymlary üçin hem gymmatly gollanma bolar.