Ï «Nurland» milli brendi erkeklere niýetlenen kostýumlary tikmek sungatyny görkezýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nurland» milli brendi erkeklere niýetlenen kostýumlary tikmek sungatyny görkezýär

view-icon 172
«Nurland» milli brendi erkeklere niýetlenen kostýumlary tikmek sungatyny görkezýär

17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýylyň möhüm işewür wakalarynyň biri bolan ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanylan sergi açyldy. Ol milli önümçiligiň kuwwatyny görkezmek bilen birlikde, ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň okgunly ösýändigini ýüze çykarýar.

Sergi azyk senagatyndan başlap ýokary tehnologiýalara çenli dürli pudaklara wekilçilik edýän 100-den gowrak kompanýalary bir ýere jemledi. Çäräniň esasy maksady ýurdumyzyň telekeçiliginiň üstünliklerini görkezmekden, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan hem-de hususy işewürligiň wekilleriniň arasynda hünär tejribelerini alyşmakdan ybaratdyr.

Serginiň tapawutlanýan gatnaşyjylarynyň biri «Nurland» at bilen erkeklere niýetlenen egin-eşikleri öndüriji özboluşly brendi boldy. Kompaniýanyň baş direktorynyň orunbasary Döwletmämmet Nurmämmedow «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysyna kiçi işewürlikden halkara derejesine çenli ýoly geçen kärhananyň üstünliginiň taryhy barada gürrüň berdi.

Kompanýa 2016-njy ýylda ilki başda «Biçüw» H/J hökmünde esaslandyryldy. «Nurland» ady özboluşly mana eýedir: ol türkmen we iňlis sözlerini birleşdirip, terjime edilende «Nurana toprak» diýmegi aňladýar.

D. Nurmämmedow «Nurlandyň» işiniň esasynda iki ýörelgäniň utgaşdyrylmagynyň durandygyny gürrüň berdi. Munuň özi el işleri – tikinçilik sungatynyň däplerini saklamak hem-de häzirki zamanyň 3D tehnologiýalarydyr.

«Biziň şygarymyz: egin-eşigiň her bir bölegine zat hökmünde däl-de, sungat eseri hökmünde çemeleşmekdir» diýip, kompaniýanyň direktorynyň orunbasary nygtady.

Häzirki wagt türkmen brendi dokma senagatynyň dünýä derejeli liderleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Önümçilikde Italiýanyň, Angliýanyň, Şweýsariýanyň we Germaniýanyň esasy öndürijileriniň matalary we degişli serişdeleri ulanylýar.

Şeýle hem «Nurland» moda bazaryna gatnaşmagyny işjeň giňeldýär. Häzirki wagtda Aşgabatda dükanlaryň ikisi işleýär, ýakynda bolsa türkmen brendi halkara derejesine çykyp, Dubaýda (BAE) şahamçasyny açmak bilen onuň önümleri alyjylaryň arasynda ýokary isleg döretdi.

Hyzmat etmek işlerine innowasion çemeleşmeler kompaniýanyň aýratyn buýsanjydyr. Egin-eşik dükanlary bedeni skanirlemek ulgamy bilen enjamlaşdyryldy, olar müşderiniň agramy, boýy hem-de ölçegleriniň gatnaşyklary baradaky maglumatlary dessine berýär. Bu bolsa egin-eşigiň örän oňaýly derejede kabul edilmegine mümkinçilik berip, onuň eýesiniň özüni örän oňat duýmagyny üpjün edýär.

TSTB-niň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi 19-njy marta çenli dowan eder. 18-nji martda geçiriljek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum maksatnamanyň möhüm wakasy bolar.