Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli serginiň çäklerinde guralan bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak, döwletiň we hususy bölegiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäräniň giň wekilçilikli düzümi Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.
Forumyň başynda Türkmenistanda hususy pudagyň ösüşi we geljekki meýilnamalar barada wideoýazgy görkezildi. Onda türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy, hususy önüm öndürijileri goldamak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi.
«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşinde we maýa goýum maksatnamasynda hususy pudagyň tutýan orny» atly umumy mejlisde Türkmenistanyň batly depginler bilen ösüp, dünýäde ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde ykrarnama eýe bolýandygy bellenildi. Foruma gatnaşyjylar yzygiderli amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly binýady döredýändigini nygtadylar. Çykyşlarda milli taslamalary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler döwlet bilen işewürligiň arasynda özara gatnaşyklaryň çeýe ulgamyny döretmegiň ileri tutulýan ugurdygyny, munuň jemgyýetçilik bähbitlerini telekeçilik başlangyçlary bilen netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.
Soňra forumyň işi «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hem-de döwlet goldawy — ykdysady ösüşiň girewi» atly bölümçede dowam etdi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin amatly hukuk we maliýe şertleriniň döredilendigine üns çekildi. Foruma gatnaşyjylar ýerli hem-de daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilýän ýeňillikleriň uzak möhletli maýa goýumlaryň girdejililigini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini nygtadylar. «Hususy pudagyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça mümkinçilikleri we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde eýeleýän orny» atly bölümçede bolsa hususy önüm öndürijileriň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge goşýan goşandyna üns berildi. Bilermenler oba hojalyk pudagyny döwrebap tehnologiýalaryň esasynda ösdürmegiň içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmegiň, eksport mümkinçiligini artdyrmagyň şerti bolup durýandygyny bellediler. Hususy kärhanalaryň oba hojalyk pudagyna işjeň goşulyşmagy importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meselelerini netijeli çözmäge goşant goşýar.
«Ykdysadyýetiň hususy pudagy we infrastruktura: gurluşyk, senagat we ulag ulgamlaryna maýa goýumlar» atly bölümçede Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň halkara üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýandygy, bu ugurda hususy pudagyň hem ornunyň barha artýandygy nygtaldy. Şeýle hem ýerli çig maldan gurluşyk materiallarynyň önümçiligine maýa goýumlary çekmegiň senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmakdaky ähmiýetine üns çekildi. Tebigy gazyň çuňňur gaýtadan işlenilmegine, himiýa senagatynyň ösdürilmegine gönükdirilýän maýa goýumlar ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolmagynda galýar. Maýa goýumlarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak «Sanly Türkmenistan: maýa goýum gurşawynyň kämilleşdirilmegi» atly bölümçäniň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Foruma gatnaşyjylar gatnaşyklarda elektron usula geçmegiň, «bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň amallary ep-esli ýeňilleşdirýändigini hem-de ähli işewürlik prosesleriniň aýdyňlygyny ýokarlandyrýandygyny bellediler. Maliýe pudagynyň we salgyt ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy halkara maýa goýum bileleşigi üçin özüne çekiji döwrebap ekoulgamy döredýär.
Foruma daşary ýurt kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň wekilleri işjeň gatnaşyp, öz çykyşlarynda Türkmenistanyň döwletara taslamalary durmuşa geçirmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny, wekilçilik edýän düzümleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtadylar. Şunda türkmen bazaryna uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly ugur hökmünde garalýandygy bellenildi.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda türkmen telekeçileri we daşary ýurt işewür toparlarynyň wekilleri kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Forum göni gatnaşyklary ýola goýmak, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýän resminamalaryň toplumyna gol çekmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.
Çäräniň ahyrynda forumyň «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» diýen adynyň diňe bir şygar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan anyk strategiýadygy nygtaldy. Gatnaşyjylar forumyň netijeleriniň ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly itergi berjekdigine, onuň ählumumy ykdysady ulgamdaky ornuny pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.