2026-njy ýylyň 21-nji martynda Stambul şäheriniň Topkapy sebitinde ýerleşýän Türk dünýäsi medeniýet merkezinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu medeni çärä Stambul şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, Stambul şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, uniwersitetleriň professor-mugallymlary, bilim alýan talyp ýaşlar we kowçum bolup ýaşaýan köp sanly Türkmenistanlylar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly çäräniň dowamynda, Türkiýe Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem-de Azerbaýjanyň milli amaly-haşam sungatynyň we medeni miraslarynyň hem-de tagamlaryň sergileri guraldy.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul ş.) Baş konsullygy tarapyndan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ýörite taýýarlanan pawilýon milli äheňde bezelip, bu ýerde myhmanlar ýurdumyzyň özboluşly we baý medeni mirasy, milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, hem-de, nepis haly önümleri, suratlar we sowgatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Ondan başga-da Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen bu medeni çäräniň dowamynda gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň milli tanslary we aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirildi hem-de Nowruzyň parahatçylygyň, agzybirligiň we dost-doganlygyň baýramy diýlip aýratyn ähmiýet berildi.