Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 154

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagyny, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine dokma önümleri, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, boýalan we jins matalary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 26 million 251 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagyny we gaplaýyş plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.