2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparyna aýratyn ähmiýet berildi. Şol saparyň çäklerinde HHR-nyň Başlygy Si Szinpin bilen netijeli we dostlukly duşuşygyň geçirilendigi nygtaldy.
Gepleşikleriň barşynda diplomatlar agzalan saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.