7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri guralar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Mämmedow habar berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ilatymyzyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýe-sporty wagyz etmek maksady bilen, köpçülikleýin welosipedli ýörişler we dürli çäreler guralar.
Şunuň bilen birlikde, 1 – 7-nji aprel aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ylmy-amaly maslahatlary, aň-bilim, bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem-de türgenleriň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we dabaraly sport çäreleri geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny işjeň ornaşdyrmakda we sporty ösdürmekde Bütindünýä saglyk gününiň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek sport, sagdyn durmuş çärelerine, köpçülikleýin welosipedli ýörişlere ýokary derejede taýýarlyk görmegi wise-premýere tabşyrdy.
Bütindünýä saglyk güni 1950-nji ýyldan bäri, ýagny 1948-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) döredilen güni bolan 7-nji aprelde bellenilip gelinýär. Häzirki wagtda bu gurama 194 döwlet, şol sanda Türkmenistan agza bolup durýar.
Bütindünýä saglyk gününiň esasy maksady adamlara sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň: dogry iýmitlenmegiň kadalaryny berjaý etmegiň, zyýanly endiklerden gaça durmagyň we yzygiderli beden işjeňligini berjaý etmegiň ähmiýetini ýatlatmakdan ybaratdyr.