Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda geljekki ýyllar üçin ýurduň halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Wise-premýer H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyza dünýä maliýe institutlary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe resminamalary hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barlan işleriň netijesinde, «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň», «Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamalary taýýarlanyldy.
Hasabatyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti taýýarlanylan resminamalary makullap, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň milli ykdysadyýet üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyryldy.