Ï «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

view-icon 223
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady. Onuň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Guramanyň esasy iş ugurlary ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşmakdan, ýaş nesilleriň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden we «ýaşyl» endikleri wagyz etmekden ybaratdyr. Alnyp barylýan işler milli derejedäki ekologiýa maksatnamalaryny we meýletinçilik hereketlerini öz içine alýar.

«Web-saýtymyzyň işe girizilmegi sanlylaşdyrma bilen ekologiýa medeniýetiniň utgaşmasydyr. Ol diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, tebigaty goramak bilen bagly başlangyçlaryň ähli taraplar üçin elýeterli bolmagyna hyzmat eder. Bu platforma ekologiýa durnuklylygy ugrunda halkara derejesindäki gatnaşyklary berkidýän möhüm köpri bolar» diýip, guramanyň başlygy Leýli Şyhmädowa belleýär.

Ulanyjylar habarlar, amala aşyrylan işler baradaky makalalar bilen türkmen, rus we iňlis dillerinde tanşyp bilerler. Şeýle hem olar tebigaty goramaga goşant goşmak maksady bilen gurama agza bolup ýa-da meýletinçilik hereketine goşulyp bilerler.

Web-saýtyň işe girizilmegi jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşmegine hem-de ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.