Ï Türkmenistan bilen ÝUNISEF hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen ÝUNISEF hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 144

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny< şol sanda bilim, durmuş goraglylygy we durnukly ösüş ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝUNICEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmeklige aýratyn ähmiýet berildi.

Taraplar mekdebe çenli bilimi ösdürilmek meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Şeýle hem jemgyýetçilik işi ulgamynyň ösdürilmegine degişli meseleler, şol sanda hünärmenleri taýýarlamak, täze iş orunlaryny döretmek we institusional gurallary kämilleşdirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2026–2030-njy ýyllar üçin çagalaryň irki ösüşi boýunça Milli strategiýasyny kabul etmegiň möhümdigi nygtaldy.

Mundan başga-da, inklýuziw bilim infrastrukturasyny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek hem-de çagalaryň goraglylygy hem-de çagalar boýunça adyl kazyýet işi baradaky Milli maksatnamany taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.