Ï Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

view-icon 157
Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

2026-njy ýylyň 30-njy martynda resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym M.Kwriwişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly bolan mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara maýa goýumlary höweslendirmek, şeýle hem ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler. Taraplar energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewürler toparynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmegiň ähmiýetini bellediler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda ugurdaş pudaklaryň arasynda ulgamlaýyn gepleşikleri üpjün etmekde we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň orny aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga we netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny bildirdiler.