Ï «Türkmeniň taryhy kökleri» atly baýramçylyk sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmeniň taryhy kökleri» atly baýramçylyk sergisi guraldy

view-icon 193
«Türkmeniň taryhy kökleri» atly baýramçylyk sergisi guraldy

Lebap welaýat häkimliginiň, Baş bilim hem-de medeniýet müdirlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň bilelikdäki Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli «Türkmeniň taryhy kökleri» atly baýramçylyk sergisi guraldy.

Onuň açylyş dabarasyna bilim, medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türkmen halkynyň taryhy köklerini yzarlaýan, gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen milletiniň baý milli mirasyny şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklary ýerleşdirilen serginiň açylyş dabarasynda çuňňur mazmunly çykyşlara hem giň gerim berildi. Çykyşlaryň dowamynda asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, dünýä medeniýetiniň ösmegine önjeýli goşant bolan milli mirasymyz, olary ýüze çykarmak, öwrenmek, gorap saklamak we nesillere geçirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işler barada aýratyn durlup geçildi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra aýratyn many-mazmuna eýe bolandygy, döwlet tarapyndan ylmy-barlag we usuly-amaly işleriň uly tapgyrynyň yzygiderli geçirilýändigi buýsanç bilen bellenildi.

Mälim bolşy ýaly 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli milli mirasymyzyň iň naýbaşylarynyň biri bolan türkmen bedewi, milli seýisçilik sungaty, ahalteke atlarynyň dünýä dolan şan-şöhraty barada çuňňur mazmunly çäreler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Berkarar Diýarymyzda atşynaslyk sungatyny has-da ösdürmek, dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler öz buýsançly netijelerini berýär.

– Ýurdumyzyň ähli ýerinde her ýylyň aprel aýynyň soňky dynç gününde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilmegi, baýramçylyk mynasybetli bedewleriň gözellik bäsleşiginiň, her ýyl ýazky hem-de güýzki at çapyşyklarynyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, şeýle hem Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy bu ugurda dünýä möçberindäki tutumly işleriň ýaýbaňlandyrylýandygynyň subutnamalarydyr – diýip, çykyş edenler bellediler. Serginiň dabaraly açylyşyndan soňra, oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýerleşdirilen milli mirasymyzy, şol sanda türkmen bedewlerine degişli muzeý gymmatlyklaryny synladylar.