Ï Bir günlük sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bir günlük sergi

view-icon 177
Bir günlük sergi
Bir günlük sergi
Bir günlük sergi
Bir günlük sergi
Bir günlük sergi
Bir günlük sergi

Elleri hünärli ussatlaryň döreden gaýtalanmaz ýeke-täk ajaýyp işleriniň sergileri köplenç şourum-galereýasynda geçirilýär. Bu ýerde bize üç sany ýokary hünärli ussat zenanyň işleri bilen tanyşmak bagty miýesser etdi.

Biçimçi Senem Berdiýewa modaly zenan lybaslarynyň uly toplumyny görkezdi. Onuň işleri häzirki zaman elementlerini öz içine alýan milli uslypda, şeýle hem milli elementleri öz içine alýan häzirki zaman uslybynda ýerine ýetirilipdir. Bu geýimler hem gündelik durmuşda, hem baýram günlerinde zenanlar üçin amatlydyr. Senem, esasan, bu lybaslarda erkin hereket etmäge mümkinçilik berýän gönüburçluklardyr inedördüllerden ybarat adaty (ýanly) biçüwleri ulanýar.

Şeýle hem müşderileriň rahatlygy üçin ussat köplenç gül ýüpek we enesiniň sandygyndan alnan atlas ulanýar, şeýlelikde, onuň toplumynda gadymdan galan we döwrebap nusgalar sazlaşykly utgaşýar. Mysal üçin, eşiklere çatylýan atlas guramalar geçmişden häzirki güne geçen moda elementidir.

Senem Berdiýewanyň toplumyndaky ýene bir aýratynlyk, matanyň ýüzüne boýag bilen çekilen nagyşdyr. Bu önümleri birnäçe gezek ýuwup we ütükläp bolýar. Eger suratda milli nagyş şekillendirilen bolsa, ony keşdeden tapawutlandyrmak kyn. Milli bezeglerden başga-da, manzaralaryň we portretleriň şekilleri-de ulanylýar. Nagyşly önümlere uly isleg bar.

Bu keşdeleriň awtory hem Senem. Ol – Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy, ýöne biçüwçilik däl-de, binagärlik hünäri boýunça bilim alan. Zenan geýimleriniň täze-täze biçüwlerini döretmek bolsa onuň söýgüli işi.

Türkmenabatda ýaşaýan zergär biçimçi Leýli Seýidowa öz ugry boýunça ýokary derejä ýeten. Onuň sergide görkezen toplumy türkmen zergärlik sungatynyň özboluşlydygyna şaýatlyk edýär. Leýli «Emerald» zergärlik öýüniň esaslandyryjysydyr. Ol öz biçüwlerinde gadymy bezegleri, köne nusgalary we seýrek daşlary ulanmak bilen, ussatlygy saýasynda gaýtalanmajak zergär önümlerini döredýär.

Leýli Seýidowa bilimi boýunça dilçi. Ol gadymy zergärlik taryhy bilen gyzyklanýar. Leýli Seýidowanyň ýarlygy bilen köp iş Türkmenistanyň çäklerinden çykyp, hususy ýygyndylarda saklanýar.

– Mende şeýle gymmatly zergär bezegler bar, – olar satlyk däl – diýip, Leýli aýdýar. – Olar «Emerald» zergärlik öýüniň tekjelerinde sergi önümi hökmünde saklanýar, ol ýere gelenler bolsa haýran galmak bilen, olary synlamakdan lezzet alýarlar.

Sona Halustowa çagaka-da çeperçilik mekdebine girmegi arzuw edýärdi, ýöne arzuwyny amala aşyryp bilmedi. Netijede Sona el işleri bilen gyzyklanyp başlady, şu höwesem onuň ömürlik hemrasy boldy. Ol sergide dürli görnüşdäki ajaýyp zenan ýantorbalarynyň, gapjyklaryň, gözlük gaplarynyň, pasport we beýleki resminamalar üçin daşlyklaryň, derman gapyrjagynyň we başga zatlaryň toplumyny görkezdi. Bu özüne çekiji hojalyk zatlarynyň hemmesi bir reňkde döredilipdir, ol, bir tarapdan, ýagty we parlak, beýleki tarapdan bolsa agras we goýry. Sonanyň işleri nepisligi bilen tapawutlanýar.

Sona Halustowanyň işjeň gatnaşýan sungat bazarlarynda, esasanam, güneşli we dostlukly Türkmenistana saparyny ýatladýan sowgatlyk zatlary gözleýän daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda onuň işlerine uly isleg bar.

Sergi galereýasynyň ýolbaşçysy Tazegül Gurbanowanyň belleýşi ýaly, bir günlük sergide köplenç telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlyk ýüze çykýar. Mysal üçin, şu sergide moda biçimçisi Senem Berdiýewa iki tarap üçin hem peýdaly bolan işewür hyzmatdaşlyk teklip edildi. Mundan başga-da, Sergi galereýasynda çaý başynda amaly halk sungaty barada pikirdeş adamlar bilen söhbetdeş bolup, wagtyňy hoş geçirmek bolýar.