Ï Çagalaryň owazy – röwşen geljegiň sabasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň owazy – röwşen geljegiň sabasy

view-icon 176
Çagalaryň owazy – röwşen geljegiň sabasy

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olary sungatyň ak ýoluna gönükdirmek boýunça dürli derejeli bäsleşikler, tutumly çäreler yzygiderli geçirilýär.

Bagtyýar raýatlarymyzyň, şol sanda ýaş nesillerimiziň söýgüsini gazanan, zehinli ýaşlaryň ençemesine sungatyň uly ýoluna badalga beren şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim hem-de Medeniýet ministrlikleri tarapyndan bilelikde geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigidir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bu bäsleşik ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň zehinli çagalarynyň çykyşlary bilen badalga aldy.

Welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda geçirilen bu bäsleşige deslapky tapgyrda üstünlikli çykyş eden 6 – 14 ýaşly zehinli mekdep okuwçylarynyň 194-si gatnaşdy. Teatryň toý lybasynda bezelen ajaýyp sahnasynda edilen çykyşlaryň sungatyň dürli ugurlaryny – halk, estrada, wokal žanrlary boýunça aýdymlary, tans we folklor görnüşlerini öz içine almagy bu bäsleşige aýratyn öwüşgin berdi. Bäsleşigiň dowamynda sazandalar toparynyň ýerine ýetiren «Sazlar çemeni», ýaş zehinleriň Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy, watansöýüjiligi, ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri, eşretli zamanamyzy, doganlyk ýörelgelerimizi, ata-babalarymyzdan gelýän, mazmuny ynsanperwerlik bolan milli däp-dessurlarymyzy, ajaýyp türkmen tebigatyny, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlary, tans we folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň nurana geljeginiň buşlukçysyna öwrüldi.

Bäsleşigiň dowamynda eminler topary tarapyndan çykyş eden zehinli ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna, sahnada özlerini alyp baryşlaryna, ýerine ýetiren aýdymlarynyň mazmunyna, türkmen diliniň kadalaryny berjaý edişlerine, aýdylýan aýdymyň mazmunynyň aýdymçynyň lybasy bilen kybapdaşlygyna aýratyn üns berildi. Örän täsirli geçen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde aýtmaklarynda ýokary joşgun bilen ýerine ýetirilen «Garaşsyzlygyň merjen dänesi» aýdymy bu ýere ýygnananlar gyzgyn elçarpyşmalar arkaly garşy aldylar. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyrynyň ýokary ruhubelentlige beslenip geçendigini, onuň geljegine umyt bildirilýän ýaş zehinleriň ençemesini ýüze çykarandygyny belläp geçmek buýsançlydyr.

Ýaş zehinleriň sungat baýramyna olaryň deň-duşlarynyň 520 töwereginiň gatnaşmagy, Lebap welaýat Baş bilim hem-de medeniýet müdirlikleri tarapyndan guramaçylyk işleriniň ýokary derejede geçirilmegi bäsleşigiň maksadyna ýetmekligine ýardam etdi. Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller bäsleşigiň bütin dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tämiz çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.