Türkmenistanda iň gowy matany nireden tapyp bolýar? Bu sowal üçin ýurdumyzyň ilaty hiç wagt hem uzak pikir edip durmaz, çünki Beýik Ýüpek ýolunda taryhda ýüpekçilik merkezi bolan häzirki zaman Türkmenistan dokma senagatyny ykdysadyýetiň strategik ugry hökmünde ösdürmegini häzirem dowam etdirýär.

«Altyn asyr» söwda merkezi alyjylar üçin esasy dartyş nokadyna öwrüldi. Bu ýerde «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşanly önümleri saýlap alybermeli – gabardin we setin, brezent we kreton, wiskoza, ripstop, poplin, şeýle hem ştapel matalar we pagta flannel ýaly dürli-dümen dokma önümleri bar. Bu matalaryň köpüsi – Ruhabat dokma toplumynyň önümi.
Kärhananyň taryhy 2010-njy ýylda pagta we poliester ýüplük fabriginiň işe girizilmegi bilen başlandy, eýýäm 2012-nji ýylda bolsa ikinji tapgyr – dokama boýama önümçiligi işe girizildi.

Häzirki wagtda toplum egirme, dokma we boýama fabriklerini bir bitewi önümçilik aýlawynda birleşdirýär. Bu ýerde poliester we laýkra goşmak bilen, öz pagtamyzdan garyşyk ýüplükler öndürilýär, şeýle hem dürli ýogynlykdaky ýüplükler üçin ýörite sargytlar ýerine ýetirilýär, olaryň köpüsi eksport edilýär.
Ýakynda toplumyň önümleriniň üsti daşky geýimler üçin niýetlenen gülli moda öwüşginli täze matalar bilen ýetirildi. Kärhanada çig mallardan başga-da, taýýar önümler – adaty baş atgyçlar, gyňaçlar, stol örtükleri we namazlyklar hem öndürilýär.

Önümleriniň ýokary hili we milli öwüşgini türkmen dokma senagatyna dünýä bazarynda üstünlikli bäsleşmäge mümkinçilik berýär, muny halkara şahadatnamalardyr daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň yzygiderli artýan islegi-de subut edýär.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi önümçilige innowasiýalary işjeň ornaşdyrýar. Müşderileriň amatlylygy üçin kompaniýalaryň resmi saýtlarynda onlaýn söwda ulgamy eýýäm ýola goýuldy, bu bolsa olara ýerli önümleri diňe bir nurbata basmak bilen, satyn almaga mümkinçilik berýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň iýun aýynda Aşgabatda geçiriljek «Turkmentextile Expo» halkara sergi pudagyň möhüm wakasy bolar. Üstünlikleriň bu gözden geçirilişi öz işinde däp-dessurlara ygrarlylygy bilen geljek tehnologiýalary utgaşdyrýan dokma ägirtlerimiziň mümkinçiliklerini görkezer.