S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi. Bu çäre ýaşlaryň marketing, brending we häzirki zaman işewürlik düşünjeleri boýunça bilimlerini giňeltmäge gönükdirildi.
Açyk sapaga «Çyzgy» studiýasynyň esaslandyryjysy Serdar Gurbanmyradow myhman hökmünde gatnaşyp, güýçli brendleriň emele gelşi, olaryň sarp edijiler bilen aragatnaşygy we psihologik täsiri barada giňişleýin çykyş etdi. Çykyşda brendiň diňe bir wizual nyşan däl-de, eýsem, adamlaryň duýgularyna täsir edýän, ynam döredýän we uzak möhletli täsir galdyrýan ulgamdygy aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar brendingiň esasy ýörelgeleri, üstünlikli kompaniýalaryň tejribesi hem-de häzirki zaman bazarynda tapawutlanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary aldylar. Şeýle-de çykyş interaktiw görnüşde geçirilip, ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap almak mümkinçiligine eýe boldular.
Açyk sapak Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.
Bu çäre ýaşlaryň döredijilik we işewürlik başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem häzirki zaman brending düşünjelerini öwrenmäge giň mümkinçilik döretdi.