Ï «Diller dünýäsi» dil merkezinde dil gurnagy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Diller dünýäsi» dil merkezinde dil gurnagy geçirildi

view-icon 185
«Diller dünýäsi» dil merkezinde dil gurnagy geçirildi

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Diller dünýäsi» dil merkezinde «Bahasa Club» gurnagy geçirildi. Bu başlangyç ýaşlaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we olaryň dünýä medeniýetleri baradaky düşünjesini giňeltmek maksadyny öňde goýýar.

Gurnagyň maslahatçysy hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew ilkinji sapakda gatnaşyjylara malaý we indonez dilleriniň aýratynlyklary, olaryň dünýäde ulanylyşy hem-de medeni ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdi.

«Bahasa Club» – bu diňe bir dil öwrenmek üçin däl, eýsem, Günorta –Gündogar Aziýanyň baý medeniýeti bilen tanyşmak üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir. Gurnak gatnaşyjylara dilleri ýeňil we gyzykly usulda öwretmäge gönükdirilendir.

Bu dil gurnagy Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Diller dünýäsi» dil merkezi, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi tarapyndan guraldy.

Sapaklar her hepdäniň çarşenbe güni sagat 15:00-da yzygiderli geçirilýär. Gurnakda her hepde täze mowzuklar boýunça sapaklar alnyp barylýar we gatnaşyjylar öz bilimlerini yzygiderli ösdürip bilýärler.

«Diller dünýäsi» dil merkezi ähli isleg bildirýänleri «Bahasa Club» gurnagyna gatnaşmaga çagyrýar.