Aşgabat şäherinde dowam edýän «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi ynsanperwerlik we syýahatçylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Bu çärä gatnaşanlaryň biri hem Belarus Respublikasy bolup, onuň tejribesi we teklipleri forumyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.
Belarus Respublikasynyň syýahatçylyk operatory «BELINDTRAVEL» kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Krotov «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde Türkmenistan bilen on ýyldan gowrak wagt ozal goýlan hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň bardygyny belledi.
«Gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm faktorlaryň biri göni howa gatnawynyň bolmagy we talyplaryň işjeň alyş-çalşygy bolup durýar. Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, syýahatçylaryň ep-esli bölegi Belarusda okaýan türkmen talyplarynyň ene-atalaryndan ybaratdyr. Olar üçin ýakynlaryny görmäge baryp, şol bir wagtda medeni dynç alyşy hem öz içine alýan ýörite gezelenç maksatnamalary guralýar» diýip, A. Krotow aýtdy.
Belarus tarapy sergide syýahatçylaryň dürli gyzyklanmalaryny öz içine alýan ondan gowrak esasy syýahatçylyk ugurlaryny hödürledi. Olaryň hatarynda watançylyk syýahatçylygy – Brest galasyna we Hatyn ýadygärlik toplumy ýaly ýerleri görmek, ekologik ugurlar – meşhur Belowež jeňňeline hem-de ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky desgalary görmek, senagat syýahatçylygy – «BELAZ» zawody we beýleki iri önümçilik kärhanalaryna gezelençler bar.
«Her bir myhman özüne laýyk gelýän ugry tapyp biler. Biz türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen bu hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge çalyşýarys» diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy belledi.
Belarus syýahatçylyk pudagynyň wekili öz ýurdundan gelýän syýahatçylar üçin türkmen ugruny öňe sürmäge hem uly gyzyklanma bildirdi. Ol Köw-Ata ýerasty köli ýaly täsin tebigy desgalara, taryhy, etnografiki we gastronomiki syýahatçylyga, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna aýratyn ünsi çekdi.