Ï Türkmenistan bilen Türkiýe umumy miras we strategik hyzmatdaşlygyň esasynda syýahatçylygy ösdürýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Türkiýe umumy miras we strategik hyzmatdaşlygyň esasynda syýahatçylygy ösdürýärler

view-icon 194
Türkmenistan bilen Türkiýe umumy miras we strategik hyzmatdaşlygyň esasynda syýahatçylygy ösdürýärler

14-nji aprelde Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä diplomatlar, medeniýet işgärleri, syýahatçylyk pudagynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabara hormatly myhman hökmünde Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan gatnaşdy.

Myhman öz çykyşynda Türkmenistanyň iki halk üçin umumy medeniýetiň watany bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem ol «Bir millet, iki döwlet» ýörelgesiniň syýahatçylyk pudagynda hem öz beýanyny tapýandygyny belledi.

Çykyşyň esasy mowzuklaryň biri hökmünde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň «türk modelini» ornaşdyrmak teklibi öňe sürüldi. Ministriň orunbasarynyň pikirine görä, Türkiýäniň dünýä brendini we Türkmenistanyň täsin mirasyny – Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç, Garagum sährasynyň täsin ekoulgamy bilen birleşmesi Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny dünýä turizminiň iň isleg bildirilýän ugurlarynyň birine öwrer.

– Biziň maksadymyz özara maýa goýumlary artdyrmak we döwlet hem-de hususy pudaklaryň wekilleriniň bilelikdäki çemeleşmesi arkaly ulag ulgamlarymyzy has netijeli ulanmakdyr. Biz birleşip, diňe bir syýahatçylaryň sanyny artdyrman, eýsem, doganlygymyzyň gülläp ösmegine hem goşant goşýarys. Men Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeliginiň ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny açjakdygyna umyt edýärin – diýip, Nadir Alpaslan aýtdy.