Ï Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi

view-icon 573

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ”Türkmengaz” döwlet konsernine garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasyny bellenen tertipde döretmek hem-de bu kärhananyň Tertipnamasynyň taslamasyny taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.