Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 170

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki kükürt kislotasyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük we nah mata, ýarym taýýarlanylan mytgal matasy, boýalan we basylan satin matasy, buýan köküniň ekstrakty, pagta soapstogynyň distillirlenmedik ýagly turşulygy, çagalara niýetlenen jins önümleri, boýalan tüýjümek önümler, bugdaý uny ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 20 million 955 müň manada deň bolan pagta süýümini, çig ýüpegi, nah ýüplügi satyn aldylar.