Ï Türkmenistanyň DIM-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 173

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygynda ministrligiň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BSGG-niň arasynda ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn häsiýetli taslama resminamalaryny ilerletmek, şeýle hem bu ugurda öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler Ženewada Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäklerinde meýilleşdirilýän çärä taýýarlyk meselelerini ara alyp hem maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we saglygy goraýyş ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.