Ï Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri

view-icon 121
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen neşir açyşlar, halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri baradaky makalalaryň tapgyryny okyjylara ýetirmegini dowam etdirýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň nyşany bolan ahalteke bedewleriniň keşbi žurnalyň daşyny bezeýär. Bu çeper suratda çuň many jemlenipdir: behişdi bedewleriň keşbi diňe bir halkymyzyň bahasyz medeni mirasynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň häzirki ösüşiniň okgunly depgininiň hem aýdyň şöhlelenmesidir. Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli halkymyza Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

Däp bolan “Täze ylmy açyşlar” atly bölüm “Bedew — Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň nyşany” atly makala bilen açylýar. Awtor halkymyzyň behişdi bedewlere bolan çäksiz söýgüsiniň diňe bir nusgawy edebiýatda däl, eýsem, dünýä derejesindäki alymlaryň ylmy gözleglerinde hem beýanyny tapýandygyny belleýär. Makalada professor W.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky ylmy ekspedisiýanyň işiniň netijelerine we onuň dowamynda gadymy medeniýete degişli ýüze çykarylan taryhy tapyndylara üns çekilýär. Makalada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gündogar medeniýetleriniň özara gatnaşygynda, türki dilli halklaryň ýaşaýan giň çäginde behişdi bedewleriň ähmiýetini açyp görkezýän eserlerine hem-de taryhçy alym L.N.Gumilýowyň “Hun halkynyň taryhy” atly nusgawy ylmy işine salgylanylmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu möhüm edebiýatlarda atlaryň müňýyllyklaryň dowamynda döwürleriň özara baglanyşygynyň janly aňlatmasy bolup öňe çykýandygy nygtalýar. Häzirki döwürde bedewleriň buýsançly keşbi şöhratly geçmişi we ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän oňyn başlangyçlaryny özara baglanyşdyrýar.

“At bilen galar türkmen heňňamlaryň ýadynda” atly makalada bellenilişi ýaly, halk yrymlarynda we halk döredijiliginde pederlerimiziň paýhasly pikirleri saklanyp galypdyr. Türkmen bedewiniň keşbi halk döredijiliginde, häzirki zaman ýazyjylarynyň eserlerinde möhüm orun eýeleýär. Asyrlaryň dowamynda çuňňur ornan ynam we düşünjeler, adamyň özüniň wepaly dostuna hormatly gatnaşygy esasynda atlary ýetişdirmegiň hem-de ösdürmegiň özboluşly kemala getirilen ýoly bolan seýisçilik sungatyna aýratyn üns çekilýär. Ahalteke atlary diňe bir biziň halkymyzyň gymmatlygy bolman, eýsem, dünýä mirasynyň hazynasynda mynasyp orun alan umumadamzat gymmatlygydyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr. Toparyň şowhunly çykyşlary dünýäniň abraýly sahnalarynyň, şol sanda meşhur Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynyň muşdaklaryny haýrana goýdy. Atly sportuň okgunly ösüşi, türkmen çapyksuwarlarynyň halkara derejede gazanýan ýeňişleri at çapmagyň gadymy däpleriniň ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň we dünýädäki belent abraýynyň ajaýyp nyşanyna öwrülýändigini aýdyň görkezýär.

Žurnalda “Gadymyýetiň gatyndan gelip ýeten “ýada” daşy” atly makala okyjylara hödürlenilýär. Awtor makalasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly kitabyna salgylanýar. Şunda ýagyş ýagdyrmak bilen bagly gadymy edim-gylymlara üns çekilýär. Makalada Mahmyt Kaşgarlynyň ylmy mirasynyň seljermesine hem aýratyn orun berilýär. Awtor türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine salgylanmak bilen, Mahmyt Kaşgarlynyň “Türki dilleriň diwany” atly düýpli ylmy kitabynyň dünýä ähmiýetli gymmatlykdygyny nygtaýar. Bu esere türki halklaryň geçen taryhy ýoly, ruhy medeniýeti we ösüşi barada ýazgylary özünde jemleýän gaýtalanmajak gollanma hökmünde garalýar. Bu bolsa, öz gezeginde, medeni däp-dessurlaryň nesilden-nesle geçirilişine çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” atly bölümde “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde “älem” konsepsiýasy” atly makala ýerleşdirilipdir. Onda şahyryň goşgularynyň asyl nusgalaryna esaslanyp, gözellik, ahlak we filosofiýa dünýägaraýşy seljerilýär. Makalanyň awtordaşlarynyň biri — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranty Szýasin Suýuň belleýşi ýaly, häzirki zaman hytaý ylmy beýik türkmen şahyrynyň ömür ýoluny we döredijilik mirasyny öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär. Ählumumylaşýan döwürde Magtymguly Pyragynyň dünýä baradaky ynsanperwer garaýyşlary hytaý halkynyň däp bolan ahlak gymmatlyklary, şol sanda asmanyň we ynsanyň birligi, özüňi ahlak taýdan kämilleşdirmek, ruhuň bakylygy ýaly taglymlar bilen çuňňur baglanyşygy ýüze çykarýar. Bu düşünjeler Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda, hususan-da, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerindäki ynsanperwer hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan, medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Dana Pyragynyň şygryýetine düşünmek babatda şeýle halkara çemeleşme onuň işlerine täze nazary ölçeg berip, iki halkyň edebiýatyna çuňňur aralaşmakda uzak möhletleýin esasda berk binýady emele getirýär.

Žurnalda “Magtymguly Pyragynyň döredijiligine Mahmyt Şabesteriniň täsiri”, “XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başlaryndaky türkmen şygryýeti”, “Halypa-şägirtlik ýoly — gadymdan gelýän ýörelge” atly makalalar okyjylara hödürlenilýär. «Ylmy we medeni-durmuş habarlary» atly bölümde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy, medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär. Onda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, ynsanperwer ulgamda giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen özgertmeler syýasatynyň çägindäki wakalar yzygiderlilikde beýan edilýär.

«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnaly 2025-nji ýylyň dowamynda çap edilen makalalaryň sanawy bilen jemlenýär. Žurnalyň sahypalaryndaky muzeý we arhiw gymmatlyklaryna degişli köp sanly fotosuratlar makalalary goşmaça mazmun bilen baýlaşdyrýar. Türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilmegi žurnaly giň okyjylar köpçüligine elýeterli edýär.