Ï «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň abatlaýjylary önümçiligiň ösüş depginlerini ýokarlandyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň abatlaýjylary önümçiligiň ösüş depginlerini ýokarlandyrýarlar

view-icon 163
«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň abatlaýjylary önümçiligiň ösüş depginlerini ýokarlandyrýarlar

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri görnükli hyzmatlary bitirýärler. Nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda konserniň Balkan welaýatyndaky zähmet toparlary-da Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna mynasyp toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýärler.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň nusgalyk ösüşlerinden ruhlanan «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň zähmet toparlary hem şanly ýylyň geçen ilkinji çärýeginde ýokary ykdysady görkezijileri gazandylar. Has takygy, trest boýunça şu ýylyň başyndan bäri önüm bermesini kemelden guýularyň 110-sy gaýtadan düýpli abatlanyp, täzeden hatara goşulmak bilen nebit çykaryjylara ulanyşa berildi. Munuň özi, meýilnamada göz öňünde tutulandan 6 sany guýynyň köpdügini, olaryň hasabyna goşmaça alnan «gara altynyň» möçberiniň 24 müň tonna golaý bolandygyny görkezýär. Şeýlelikde, degişli meýilnama 105,8 göterim berjaý edildi. Şeýle-de önümçiligiň ösüş depgininiň 161,7 göterime barabar bolandygy has-da buýsançly hakykatdyr.

Gürrüňi edilýän trest boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen üç aýynda hem goşmaça alnan «mawy ýangyjyň» möçberi-de 28 müň kub metre golaýdyr. Ýeri gelende aýtsak, geçen döwürde önümçiligiň ösüş depgininiň meýilnamada görkezilenden iki esseden gowrak artyk bolmagy aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr. Şeýle ýokary zähmet üstünlikleriniň eýe bolunmagyna-da trestiň «Goturdepe», «Barsagelmez», «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň abatlaýjylary saldamly goşantlaryny goşdular.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk baýramyny guwandyryjy zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýän «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň abatlaýjylary üstümizdäki şanly ýylyň önümçilik meýilnamalaryny-da möhletinden öň berjaý etmegi meýilleşdirýärler. Bu ugurda olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip beren döwrebap şertleridir mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, has-da öndürijilikli zähmet çekýärler.