Ï Kalby mähirli mugallym
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kalby mähirli mugallym

view-icon 207
Kalby mähirli mugallym

Saz – göräýmäge, üç harpdan ybarat bolup, ýönekeýje aýdylýan bolsa-da, nähili gudrat, özüne çekiji jadyly güýjüniň bardygyny ony diňläniňde duýmak bolýar. Milli saz gurallarymyzyň inçe syrlaryny ýaş nesilleriň aňyna ornaşdyrmak mugallymlaryň borjy bolup durýar.

Biziň söhbedini etjek bolýan mugallymymyz saz sungatymyzyň inçe syrlaryny ýaşlara öwretmekde irginsiz zähmet çekip gelýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halypa mugallymy Altyn Rustamowadyr. Ol ençeme ýyllardan bäri plektrli dutar hünäri boýunça ýaş talyplara sapak berip gelýär.

Bir gezek men Altyn Rustamowanyň özüniň sungat älemine gelşi barada söhbetdeş boldum. Söhbetdeşligimiziň başy saz diňlemekden başlandy. Ol plektrli dutaryny eline alyp, halypa kompozitor Çary Babaýewiň döreden sazlaryndan ýerine ýetirdi. Onuň sungata söýgüsiniň bardygyny daşyndan bilibermeli. Soňra ol meniň içki pikirimi duýan ýaly özüniň sungat älemine gelşi barada gürrüň berdi:

− Meniň aýdym-saza bolan höwesim çagalyk döwrümden başlady. Meni sungatyň bu ugruna ugrukdyran kakam Jumanazar Rustamow boldy. Kakam maňa çaga wagtlarym dürli oýnawaç saz gurallary alyp berýärdi. Şeýlelik bilen çagalykda oýnan oýunjaklarym oýnawaç saz gurallary boldy. Soňra aýdym-sazyň yşkyna düşüp, öz ömrümi we durmuşymy bu ugra berk bagladym.

Şeýlelik bilen Altynyň çagalykdan aýdym-saza dörän höwesi Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň gapysyndan eltýär. Bu ýerde ol plektrli dutar hünäri boýunça bilim alýar. Bu mekdebiň şol wagtky mugallymy Seýlihan Ýuldaşewden tälim alan Altynyň zehini gün-günden açylýar. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebine okuwa synanyşanda onuň saz çalşyna ussat halypalaryň göwni ýetýär. Bu mekdepde Altyn Rustamowa plektrli dutar hünäri boýunça Kamiljan Nazarowdan sapak alýar. Ol bu mekdepde okan döwürleri ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilen hünär bäsleşiklerinde diplomant we orunly ýerlere mynasyp bolýar. Bu aýdym-saza höwesli ýaş zehiniň sungatyň jadyly dünýäsine ymykly aralaşmagyna getirýär we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okuwyny dowam etdirýär. Bu ýerde talyp gyzy ykbal ýurdumyzyň belli kompozitorlary Aşyr Kulyýew, Çary Babaýew, halypa mugallym Muhammetmyrat Gapurow dagy bilen duşurýar. Ol plektrli dutary çalmagyň inçe tilsimlerini Çary Babaýewden birkemsiz öwrenýär.

Altyn Rustamowanyň ýetişdiren şägirtleri ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijileri bolup, häzirki wagtda hem mugallymçylyk, ýerine ýetirijilik ýaly kärlerde zähmet çekip halkymyza hyzmat edip gelýärler.

Altyn Rustamowa dürli ýyllarda ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň plektrli dutar hünäri üçin iki bölümden ybarat «Plektrli dutar üçin uly göwrümli saz eserleriniň ýygyndysy» atly okuw gollanmasyny, halk saz gurallary ansambllary üçin «Ansambllar» atly okuw gollanmasyny we birnäçe okuw maksatnamalaryny ýazdy. Bulardan başga-da ol türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň saz eserlerini plektrli dutar üçin täzeden işledi.