Ï Bilermenler: «Sebitleriň arasynda dost bolmak möhüm we geljegi uludyr»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilermenler: «Sebitleriň arasynda dost bolmak möhüm we geljegi uludyr»

view-icon 144
Bilermenler: «Sebitleriň arasynda dost bolmak möhüm we geljegi uludyr»
Bilermenler: «Sebitleriň arasynda dost bolmak möhüm we geljegi uludyr»
Bilermenler: «Sebitleriň arasynda dost bolmak möhüm we geljegi uludyr»
Bilermenler: «Sebitleriň arasynda dost bolmak möhüm we geljegi uludyr»

Şu günler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň seljerijileri Merkezi Aziýa sebitiniň bilermenleriniň we Aýlag ýurtlarynyň barlagçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn-maslahata gatnaşdylar.

Ilki bilen bellemeli zatlaryň biri, Ýakyn Gündogarda soňky döwürlerde bolup geçen wakalar sebitleriň arasyndaky durnukly ösýän gatnaşyklara özüniň oňaýsyz täsirini ýetirdi. Maslahata gatnaşyjylar bu babatda özara birmeňzeş pikirdediklerini aýtdylar. Şeýle-de bolsa, gepleşige gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň oňaýly garaýyşlary, sebitara gatnaşyklaryň gysga wagtda we netijeli dowam etdirilmegine bolan ynamy ähli taraplary iki sebitiň halklarynyň bähbidine gönükdirilen amaly hyzmatdaşlyk ugruna gaýtaryp getirdi. Özara ykdysady bähbitler bu işe goşant goşýan esasy faktor bolup durýar. «Merkezi Aziýa + Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlary» formatynyň döredilenine köp wagt geçmedigine garamazdan, Ýewraziýa ösüş bankynyň maglumatlaryna görä, Pars aýlagy ýurtlary bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky haryt dolanşygy eýýäm birnäçe milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Maslahatda çykyş edenleriň – gatnaşyjy ýurtlaryň ilçileriniň, barlag merkezleriniň ýolbaşçylarynyň, sebitiň öňdebaryjy bilermenleriniň we seljerijileriniň bellemegine görä, şu günki günde Merkezi Aziýa we Aýlag döwletleri biri-birine ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaş hökmünde garaýarlar. Bu formatyň ähli gatnaşyjylary iki sebitiň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky amaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýärler. Iki sebitiň arasyndaky taryhy baglanyşyklar özara gatnaşyklaryň ösmeginde we işjeňleşmeginde möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýa we Aýlag halklary ýakyn söwda gatnaşyklaryny saklapdyrlar, olaryň umumy gymmatlyklary we däp-dessurlary bar.

Häzirki wagtda dialogyň çuňlaşmagy we hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalary Aýlag ýurtlarynyň maýadarlar hökmünde, Merkezi Aziýa sebitiniň bolsa energetika we ulag taslamalary boýunça mümkinçiligi ýokary hyzmatdaş hökmünde çykyş etmegine esaslanýar. Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň gysga wagtda täzeden dikeldilmegi, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýalar we maýa goýumlary, ekologiýa, syýahatçylyk, howpsuzlyk we terrorçylyga garşy göreş ýaly ugurlary öz içine alar. Emma, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, «ýaşyl» energetika, bilelikdäki söwda edaralaryny döretmek, ulag-logistika geçelgeleri we maýa goýum mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri öňküsi ýaly üns merkezinde galar.

Bellemeli zatlaryň biri hem, bu formatyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk döwründe Türkmenistan ösüşiň depgini boýunça öňdebaryjylaryň birine öwrüldi: onuň Aýlag ýurtlary bilen söwdasy onlarça esse ýokarlandy. Ýewraziýa ösüş bankynyň bahalandyrmasyna görä, Türkmenistan üçin Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlary bilen gatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir: Pars aýlagy döwletleri bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary söwda dolanşygynyň takmynan 10 göterimine deňdir.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermenleri B.Amansaryýew, O.Annabaýew we A.Nyýazow gatnaşdylar.