Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen bu bäsleşik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi. Munuň özi barha ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda guralýan toý çäreleriniň üstüni ýetirdi.


At çapyşyklary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Behişdi bedewleriň ýyndamlygy, olaryň çapyksuwarlar bilen sazlaşykly hereketi asyrlaryň dowamynda özüne çekiji tomaşa öwrülipdir. Şunda uzak aralyga guralýan marafon ýaryşlarynyň milli atçylyk sportunda möhüm orun eýeleýändigini bellemek ýakymly.


Bahar paslynyň hoştap howaly pursatlary, Ak bugdaý etrabynyň gaýtalanmajak gözellige eýe bolan çäkleri çapyksuwarlaryň hem-de bedewleriň ýeňişe bolan ruhuny belende göterýär. Häzirki döwürde milli atşynasly ulgamynda bar bolan bäsleşikleriň esasylarynyň biri bolan marafon ýaryşlary barha uly meşhurlyk gazanýar. Oňa gatnaşýan bedewleriň sanawy munuň şeýledigini äşgär edýär.


