Ï Naýbaşy sen, toýbaşy sen, bedewim!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Naýbaşy sen, toýbaşy sen, bedewim!

view-icon 139
Naýbaşy sen, toýbaşy sen, bedewim!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde kökleri gadymyýetiň jümmüşini nagyşlan, mertebesi heňňamlara heň salan ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milletiň mertebesi, ýurdumyzyň şöhrat-şany bolup dünýä çykýar.

Özüniň gözelligi-görki, wepasy-erki, merdemligi, ýyndamlygy bilen aklyňy haýrana goýýan behişdi bedewlerimize ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap atçylyk-sport toplumlarynyň gurulmagy, bu ýerlerde halkymyzyň atşynaslyk, seýisçilik sungatynyň döwrüň dana ruhuna eýlenip, dowamata öwrülmegi pederlerimiziň bedew taglymatyna bakylyk berýär. Berkarar döwletimiziň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýat atçylyk-sport toplumynda ýerleşýän Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminde hem peder ýoly mynasyp dowam etdirlip, arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek, ýetişdirmek boýunça asylly işler alnyp barylýar. Bu bölümiň müdiri, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Aýdogdy Rowşanow bu ýerde ahalteke bedewlerine ideg edilişi, olaryň köpeldilişi, seýislenilişi, şeýle hem atşynaslyk sungatyna ykbalyny baglamagy maksat edinýän ýaşlar barada şeýle gürrüň berdi:

– Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren häzirkizaman atçylyk-sport toplumynda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke atlaryna ata-babalarymyzyň bize miras goýan atşynaslyk ýoly esasynda ideg etmek üçin ähli şertleriň döredilendigini hoşallyk bilen aýdyp geçesim gelýär. Bölümde dürli ýaşly ahalteke atlarynyň 152 sanysy bar, olaryň 28-si ene baýtallardyr. 2026-njy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başyndan bäri olardan 16 sany taý aldyk.

Bölümde atbakarlaryň 6-sy, şeýle-de seýis hem çapyksuwar – jemi 8 işgärimiz bar. Atlara ideg etmek juda jogapkärli, irginsiz zähmeti, ýeterlik tejribäni talap edýän iş. Atbakarlarymyz bu kyn, ýöne, lezzetli işe yhlas bilen çemeleşip, baýtallaryň köpelmekleriniň, taýlaryň sagdyn ulalmaklarynyň, atlary çapyşyklara taýýarlamagyň başarjaňlyk bilen hötdesinden gelýärler. Welaýatymyzda hususy atşynaslaryň hem ençemesi bar. Olaryň hatarynda halypa seýis Narkuly Pirnazarowyň ogly, atlary seýislemegiň, ussatlyk bilen çapmaklygyň tilsimlerini ele alan Durdymyrat Pirnazarowyň adyny ilki agzasym gelýär. Bu tüýs «Ata kesbi – ogla halal» diýleni-dä. Narkuly Pirnazarow hem seýisçilik sungatynyň syrlaryny meniň kakam Açyl Powşanowdan alypdyr. Häzirki wagtda «halypa-şägirtlik» ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Şeýle hem welaýatymyzda ussatlyga ýetişen seýisler hem-de çapyksuwarlar Agasapar Baýramowyň, Bahtyýar Dönmezowyň, Ibragim Hudaýnazarowyň we beýlekileriň atlaryny agzap geçmek bolar. Ýaş çapyksuwarlar Myrat Şeripowyň, Sanjar Bahtyýarowyň, Mustafa Töräýewiň, Muhiddin Kulyýewiň hem ussatlyk derejesi barha ýokarlanýar. Berkarar Watanymyzda geçirilýän at çapyşyklary, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleri, ýurdumyzda atşynaslyga goýulýan belent sarpa ýaşlarymyzda pederlerimizden miras galan bu sungata uly höwes döredýär. Meniň özüm hem çapyksuwarlyk we seýisçilik bilen 40 ýyla golaý wagt bäri meşgullanyp gelýärin. Häzirki wagtda meniň atşynaslyk bilen ykbalyny baglan şägirtlerimiň onlarçasy bar.

Garaşsyz Diýarymyzda zähmet çekseň hormatyň zyýada. Ýurt Baştutanymyz tarapyndan maňa Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakylmagy meni has-da gaýratly işlemäge ruhlandyrýar. Men şu ajaýyp toýly günlerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem ýurdumyzyň ähli atşynaslaryny, bagtyýar halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bedew bady bilen öňe barýan türkmen Diýarynyň her bir güni toýlara beslensin!