Ï Yhlasly zähmet – azyk bolçulygynyň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Yhlasly zähmet – azyk bolçulygynyň kepili

view-icon 140
Yhlasly zähmet – azyk bolçulygynyň kepili

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy öz topragymyzda öndürilen, ekologik taýdan arassa ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmeklige gönükdirilen beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär.

Bu ugurda işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygyny Lebap welaýatyndaky Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda gazanylýan zähmet üstünlikleri bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu kärhanada işleriň döwrüň ösen talabyna laýyk ýola goýulmagy özüniň guwandyryjy netijelerini berýär. Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagynda ýerleşýän, işe girizilenine on ýyldan gowrak wagt bolan bu döwrebap kärhananyň 100 müň tonna gallany saklamaklyga hem-de bir ýylyň dowamynda 80 müň tonna un we un önümlerini öndürmäge mümkinçiligi bar.

Häzirkizaman enjamlaryndan netijeli peýdalanýan bu kärhananyň zähmetsöýer işgärleri agzybirlikli çekilen zähmetiň netijesinde 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji çärýeginde önüm öndürmekligiň meýilnamasyny artygy bilen amal etmekligi başardylar. Degişli döwürde önüm öndürmekligiň ösüş depgininiň 124 göterime golaý bolandygyny belläp geçmek buýsançlydyr. Üstümizdäki ýylyň başky üç aýynda kärhana boýunça jemi 13 müň tonnadan gowrak un öndürilip, onuň 4 müň 315 tonnasy ýokary, 8 müň 686 tonnasy hem 1-nji hilli unlardyr.

Degişli döwürde kärhanada un öndürmekligiň meýilnamasynyň 100 göterimden aşyrylyp ýerine ýetirilendigini-de belläp geçmek bolar. Yhlasly çekilen zähmetiň netijesinde bu ýerde kepegiň 3 müň 956 tonnasy öndürilip, degişli döwür üçin bu baradaky meýilnama 103,3 göterim ýerine ýetirilipdir, kepek öndürmeklik boýunça ösüş depgini bolsa 123,7 göterime barabar bolupdyr. Bu görkezijiler Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda yhlasly zähmetiň möwç urýanlygyny, kärhananyň agzybir zähmet toparynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna mynasyp sowgatlar bilen barýandygyny subut edýär.