Ï Ýurdumyzyň teatrlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan täze sahna oýunlary görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň teatrlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan täze sahna oýunlary görkeziler

view-icon 134
Ýurdumyzyň teatrlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan täze sahna oýunlary görkeziler

24 – 26-njy aprel aralygynda ýurdumyzyň teatrlary Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyň şygary bilen utgaşykly birnäçe täze sahna oýunlaryny taýýarladylar.

Täze sahna eserleri behişdi bedewler baradaky gadymy rowaýatlara, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde beýan edilen filosofik oýlanmalara esaslanýar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry «Ak at» sahna oýnuny görkezer. Ýaş režissýor M.Jumabaýewiň we Türkmenistanyň halk artisti G.Akmyradowanyň goýan bu sahna eseri bedew keşbiniň çuňňur manysyny açyp görkezýär.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry G.Daňatarowyň pýesasyna esaslanyp döredilen «Atdyr ýigidiň myrady» sahna oýnuna tomaşa etmäge çagyrýar. Bu eser sahnada «Görogly» eposyndan parçalary janlandyrýar.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry «Gyrat» spektaklyny sahnalaşdyrar.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Şemaly yzarlap» («Обгоняя ветер») atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bilen tomaşaçylary garşy alar.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry «At sarpasy» atly sahna oýnuny görkezer.

Türkmen döwlet gurjak teatry «Asmandan inen ykbal» atly täsirli sahna oýnuny taýýarlady.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Argamaklar» atly sahna oýnuny görkezer.

Welaýatlardaky teatrlarda hem täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişi bolar.

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Bedew rowaýaty» atly sahna oýny görkeziler.

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry tomaşaçylara «At göçümi» sahna oýnuny hödürlär.

 Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «At – myrat» atly täze sahna oýny görkeziler.

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry «Seýis» atly sahna oýnuny sahnalaşdyryp, türkmen atçylyk sungatynyň inçe syrlaryny açyp görkezer.

Şeýle hem baýramçylyk günlerinde geçiriljek beýleki medeni çäreler ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki ähmiýetini görkezmäge gönükdirilendir. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri bolsa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.